Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

10.08.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy hem-de harby tälim okuwlaryny synlady

Balkan welaýatynda iş sapary bilen bolýan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Döwlet serhet gullugynyň serhet birikmeleriniň biriniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.


09.08.2018 | Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­my­zyň şä­her­gur­lu­şy­gy bi­len ta­nyş­dy we Bal­kan we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­na ug­ra­dy

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Bal­kan we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry bi­len ug­ra­dy. Sa­pa­ryň mak­sa­dy gün­ba­tar se­bit­de mil­li mak­sat­na­ma­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­niň bar­şy bi­len ta­nyş­mak­dan yba­rat­dyr.


08.08.2018 | Resmi habar

Türkmenistanda ýokary derejeli myhmanhana hyzmatlaryny ýola goýmakda öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyryp, ýurdumyza gelýän myhmanlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrmak hem-de olara dünýä derejesine laýyk gelýän myhmanhana hyzmatlaryny hödürlemäge şertleri döretmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


07.08.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň we Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­dä­ki mej­li­si

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň we Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­dä­ki mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da döw­let dur­mu­şy­nyň ile­ri tu­tul­ýan me­se­le­le­ri­ne ga­ral­dy.


07.08.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň mej­li­si

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedow Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryn­da şu ýy­lyň ýe­di aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri­ne ga­ral­dy hem-de ýa­kyn gel­jek­de ola­ryň öňün­de dur­ýan we­zi­pe­ler kes­git­le­nil­di.


06.08.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti wideo­şe­kil­li iş mas­la­ha­ty­ny geçirdi

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hem-de we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da gö­ni ara­gat­na­şyk ar­ka­ly no­bat­da­ky wi­deo­şe­kil­li iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di.


06.08.2018 | Resmi habarlar

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Buý­ru­ga gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, we­zi­pe borç­la­ry­ny ta­la­ba­la­ýyk ber­jaý et­män, we­la­ýat­da ýer­li býu­je­te sal­gyt­la­ry ýyg­na­ma­gyň tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni üp­jün et­män­di­gi üçin, Ahal we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi Aman­gel­di­ýew Şöh­rat An­na­gur­ba­no­wi­çe kä­ýinç yg­lan edil­di.


06.08.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti In­do­ne­zi­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­ne gy­nanç bil­dir­di

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow In­do­ne­zi­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Jo­ko Wi­do­do ýur­duň Lom­bok ada­syn­da bo­lup ge­çen, adam pi­da­la­ry­na we şi­kes ýet­me­le­ri­ne hem-de uly möç­ber­li weý­ran­çy­lyk­la­ra ge­ti­ren ýer­tit­re­me ze­rar­ly gy­nanç ha­ty­ny iber­di.


04.08.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry­na gy­nanç bil­dir­di

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­ti­ne we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň Baş­ly­gy Dmit­riý Med­we­de­we Kras­no­ýarsk ül­ke­sin­de bo­lup ge­çen we adam pi­da­la­ry­na ge­ti­ren “Mi-8” ky­sym­ly di­ku­ça­ryň he­läk­çi­li­ge uç­ra­ma­gy ze­rar­ly gy­nanç ha­ty­ny iber­di.


03.08.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda geçen ýedi aýda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine hem-de döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy.


 

 

 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter