Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

17.02.2018 | Aşgabatda Beýik Ýüpek ýolunyň diplomatiýasyna bagyşlanan halkara maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Beýik ýüpek ýolunyň diplomatiýasy: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy” atly halkara maslahaty geçirildi.


17.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: ýurdumyzyň içerki we daşarky syýasatynyň ösmeginde diplomatlara uly orun degişlidir

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Beýik Ýüpek ýolunyň diplomatiýasy: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy» atly halkara maslahatyna gatnaşyjylary Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni hem-de maslahatyň öz işine başlanmagy bilen gutlady.


16.02.2018 | Türkmenistanda Kipr Respublikasynyň ilçisi işläp başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Leonidas S.Markidisden ynanç hatyny kabul etdi.


16.02.2018 | “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” ylmy-amaly žurnalyň geçen ýylyň soňky çärýeginde ýurdumyzyň daşary syýasatynda bolup geçen möhüm wakalara bagyşlanan nobatdaky sany çapdan çykdy.


16.02.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


16.02.2018 | 2018-nji ýylda dürli maksatly 65 desgany ulanmaga bermek meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2018-nji ýylda iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlanmagyna hem-de ulanmaga tabşyrylmagyna degişlilikde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine gözegçilik etmek tabşyryldy.


16.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentine Parklend şäherinde bolup geçen pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa Florida ştatynyň Parklend şäherindäki mekdepde bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly waka zerarly çuňňur gynanjyny bildirdi.


15.02.2018 | Serdar Gurbandurdyýew Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysynyň orunbasary wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygynyň orunbasary Serdar Hojanazarowiç Gurbandurdyýew Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysynyň orunbasary wezipesine bellenildi.


15.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Daniýanyň Şazenanyna Şazada Henrigiň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny ýollady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daniýanyň Şazenany Margrete II onuň ýanýoldaşy – Şazada Henrigiň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny ýollady.


15.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti we “Rohde & Schwarz” kompaniýasynyň ýolbaşçylygynyň wekili hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belli “Rohde & Schwarz” nemes kompaniýasynyň “Howpsuz aragatnaşyk enjamlary, ýerleýiş we taslamalar” departamentiniň uly wise-prezidenti Hartmut Ýeşkeni kabul etdi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter