Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

01.11.2017 | Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleri Duşenbede gepleşikler geçirerler

2-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary başlanýar. Sapar Prezident Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça amala aşyrylýar.


01.11.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine we taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Şeýle hem ozal kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi we ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.


01.11.2017 | Döwlet Baştutanymyz käbir hökümet agzalaryna käýinç yglan etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, gözegçilik edýän pudaklarynda işi talabalaýyk ýola goýmandygy üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Babaýew Maksat Mämmetsaparowiçe käýinç yglan edildi.


01.11.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýa Patyşalygyna ilçi belledi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Italiýa Respublikasyndaky Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Rejepow Berdimyrat şol bir wagtyň özünde Ispaniýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellendi.


01.11.2017 | Milli Liderimiz ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampa Nýu-Ýork şäherinde bolup geçen terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa Nýu-Ýork şäherinde bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.


01.11.2017 | Döwlet Baştutanymyzyň adyna gutlag hatlary geldi

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär.


01.11.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: bank ulgamynyň durnuklylygy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny hem-de okgunly ösüşini kesgitleýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bank ulgamynyň işgärlerine we ähli ildeşlerimize Türkmenistanyň milli pul birligi - manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 24 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyry iberdi. Gutlagda şeýle diýilýär:


31.10.2017 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň 10 aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Gün tertibine şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak meseleleri girizildi.


31.10.2017 | Daşary ýurt liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutladylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Garaşsyzlygyň 26 ýyllygy mynasybetli gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär.


30.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda obasenagat toplumynda möwsümleýin işleriň ýerine ýetirilişi, şeýle hem sebitlerde hem-de paýtagtymyzda türkmenistanlylaryň abadan durmuşy we döredijilikli zähmet çekmegi üçin hemme şertleri döretmäge gönükdirilen uly möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi hem-de Aşgabat şäherini ösdürmegiň taslamalary bilen baglanyşykly möhüm meselelere garaldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter