Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

26.01.2018 | 2018-nji ýylda Türkmenistanyň iň gowy etraby ady ugrunda bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda 2018-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanmak ugrunda bäsleşik yglan edildi.


26.01.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti guramaçylyk meseleleri boýunça çözgütleri kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Bedimuhamedowyň Kararlaryna laýyklykda:


26.01.2018 | Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär

Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny durmuşa geçirmek babatda ikitaraplaýyn görnüşde hem köptaraplaýyn görnüşde hem dostluk we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär.


26.01.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentine Mirýan şäherinde bolup geçen ýangyn zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Ine ýurduň Mirýan şäherindäki hassahanada bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelerine getiren ýangyn zerarly gynanç hatyny iberdi.


26.01.2018 | Döwlet Baştutanymyz uç wise-premýeri wezipä belledi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanlary bilen:


26.01.2018 | 2018-nji ýylda suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberi tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Suw kodeksine laýyklykda, ýurdumyzyň suw serişdelerini aýawly hem-de netijeli peýdalanmak maksady bilen, 2018-nji ýylda welaýatlar we etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberleri tassyklanyldy.


25.01.2018 | Toýly Kömekow Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Toýly Babaýewiç Kömekow başga işe geçmegi sebäpli Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy.


25.01.2018 | Nazarguly Şagulyýew Türkmenistanyň Latiwiýadaky Ilçisi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nazarguly Şagulyýew şol bir wagtda Türkmenistananyň Latiwiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wezipesine bellenildi


25.01.2018 | Sapardurdy Toýlyýew wise-premýer hem-de Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygy wezipelerinden boşadyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Sapardurdy Toýlyýew başga işe geçýändigi sebäpli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.


25.01.2018 | Sapardurdy Toýlyýew Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidentligine sýlanyldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Sapardurdy Toýlyýewi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti wezipesine saýlamak hakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň 2018-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda çykaran çözgüdi tassyklanyldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter