Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

07.04.2019 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Sizi ýurdumyzda uly dabara bilen bellenýän ajaýyp halkara baýram — Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Däp bolşy ýaly, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda hem sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgeleri giňden ornaşdyrylýan güneşli Diýarymyzda Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp geçirilýän aýdym-sazly dabaralaryň, giňden ýaýbaňlandyrylýan medeni-köpçülikleýin sport hereketiniň eziz Watanymyza buýsanjymyzy has-da ýokarlandyryp, abadan we bagtyýar durmuşda beýik geljegimizi gurýan mähriban halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrjakdygyna berk ynanýaryn.


05.04.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.


05.04.2019 | Resmi habar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri dowam etdirmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberlerini has-da artdyrmak hem-de şalynyň ýokary hasylyny öndürmegi üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanda 2019-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky» Karara gol çekdi.


04.04.2019 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem bu düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen anyk çäreler kesgitlendi.


04.04.2019 | Türkmenistan - BMG: ilat gaznasy ulgamynda hyzmatdaşlyk

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisinde Türkmenistanyň Hökümetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) arasynda 2016 — 2020-nji ýyllar üçin ýurt boýunça maksatnamasynyň Hereketler meýilnamasynyň çäklerinde taýýarlanylan 2019-njy ýyl üçin iş meýilnamasyna gol çekmek dabarasy boldy.


04.04.2019 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin içeri işler ministri Mulikow Isgender Handurdyýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.


03.04.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda we onuň töwereklerinde dowam edýän gurluşyklarda işleriň barşy bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçardan paýtagtymyzda alnyp barylýan iri gurluşyk meýdançalarynda birnäçe desgalarda, Ahal welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, durmuş ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeleriň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berdi.


01.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.


01.04.2019 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligine Daşary işler ministrligi bilen bilelikde 2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.


01.04.2019 | Türkmenistanda Bolgariýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nikolaý Ýankowdan ynanç hatyny kabul etdi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter