Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

19.02.2018 | Wideoşekilli iş maslahatynda durmuş-ykdysady meselelere we öňde durýan çärelere taýýarlyk işlerine seredildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarynyň, birnäçe ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň hem-de paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň hem-de gurluşyk işleriniň barşyna garaldy.


19.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Awtomobil ulaglary ministrine käýinç yglan etdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Awtomobil ulaglary ministri Aýdogdyýew Maksat Toturbabaýewiçe käýinç yglan edildi.


19.02.2018 | “Cotam Enterprises Ltd.” kompaniýasy Kaka etrabynda dokma toplumyny gurar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda önümçilik kuwwatlylygy bir ýylda 3650 tonna kompakt penýe (tüýsüz) görnüşli nah ýüplügini, 12 million inedördül metr ýokary hilli egin-eşiklik matalary öndürýän, şol sanda 10 million inedördül metr boýalan matany hem-de 1,2 million sany taýýar tikin önümini öndürýän dokma toplumynyň taslamasyny düzmek we ony döwrebap enjamlaşdyryp, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada Britan Wirgin adalarynyň “Cotam Enterprises Ltd.” kompaniýasy bilen şertnamany, daşarky eltiji inžener ulgamlaryny we desgalaryny gurmak, hünärmenleri taýýarlamak we ornaşdyrylan tilsimat enjamlary üçin dokma toplumy işe girizilenden soň, iki ýylyň dowamynda ätiýaç şaýlary bilen Kompaniýanyň serişdeleriniň hasabyna üpjün etmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.


19.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti eýranly kärdeşine uçar heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhana ýurduň Yspyhan welaýatynyň Semirom şäheriniň golaýynda “Aseman” awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu heläkçiligiň köpsanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.


18.02.2018 | Döwlet Baştutanymyz Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň düzümini tassyklady

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.


18.02.2018 | Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-müsür toparynyň düzümi tassyklanyldy

Türkmenistan bilen Müsür Arap Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-müsür toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.


17.02.2018 | Aşgabatda Beýik Ýüpek ýolunyň diplomatiýasyna bagyşlanan halkara maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Beýik ýüpek ýolunyň diplomatiýasy: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy” atly halkara maslahaty geçirildi.


17.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: ýurdumyzyň içerki we daşarky syýasatynyň ösmeginde diplomatlara uly orun degişlidir

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Beýik Ýüpek ýolunyň diplomatiýasy: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy» atly halkara maslahatyna gatnaşyjylary Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni hem-de maslahatyň öz işine başlanmagy bilen gutlady.


16.02.2018 | Türkmenistanda Kipr Respublikasynyň ilçisi işläp başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Leonidas S.Markidisden ynanç hatyny kabul etdi.


16.02.2018 | “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” ylmy-amaly žurnalyň geçen ýylyň soňky çärýeginde ýurdumyzyň daşary syýasatynda bolup geçen möhüm wakalara bagyşlanan nobatdaky sany çapdan çykdy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter