Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

24.01.2018 | Diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli milli Liderimizi täjik kärdeşi gutlady

Geçen ýyllarda iki ýurduň dostluk we köptaraply hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hyzmatdaşlygyň dürli görnüşlerinde depginli ösdürilendigini bellemäge şatdyryn – diýlip, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň gutlagynda bellenýär.


24.01.2018 | Döwlet Baştutanymyz “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygyna käýinç yglan etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, bellenen tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy Nyýazlyýew Nyýazly Myradowiçe käýinç yglan edildi.


23.01.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine täze bellenen Jin Ki Huny kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.


22.01.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti we Hindistanyň Ilçisi hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri boýunça pikir alyşdylar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nagendra Prasady kabul etdi.


19.01.2018 | Mejlisiň wekiliýeti YHG-niň agzalarynyň Parlament birleşiginiň 13-nji mejlisine gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament birleşiginiň musulman zenan parlamentarileriniň maslahatyna hem-de bu halkara düzümiň Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde geçirilen 13-nji mejlisine gatnaşdy. Iş saparynyň jemleri barada hökümet ýygnagynda Mejlisiň başlygy A.Nurberdiýewa habar berdi.


19.01.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatynyň möhüm ugurlaryna we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


19.01.2018 | Türkmenistanyň wekiliýeti Pakistanda we Hindistanda gepleşikleri geçirdi

Türkmenstanyň wekiliýeti Pakistan Yslam Respublikasynda we Hindistan Respublikasynda iş saparynda boldy. Yslamabatda we Nýu-Delide geçirilen gepleşikleriň jemleri barada hökümet mejlisinde wise-premýer, DIM-iň ýolbaşçysy Raşid Meredow hasabat berdi.


19.01.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti TOPH-nyň gurluşygyna maýa goýumlary üçin Saud Arabystanynyň Patyşasyna minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauda Türkmenistan –Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynda ulanmak maksady bilen, Saud ösüş gaznasynyň maýa goýum serişdelerini iberendigi üçin çuňňur minnetdarlyk hatyny iberdi.


19.01.2018 | Aşgabatda türkmen-koreý parlamentara gatnaşyklarynyň ileti tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Mejlisinde Koreýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Wekiliýete Koreýa-Türkmenistan parlament dostluk toparynyň ýolbaşçysy, ylym, teleradiogepleşikler we aragatnaşyk boýunça komitetiniň agzasy jenap Park Deçul ýolbaşçylyk etdi.


18.01.2018 | Türkmenistan we Ýaponiýa telekommunikasiýalar we maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde we Aragatnaşyk ministrliginde “Sony Corporation” ýapon kompaniýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk boldy. Wekiliýete ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek maksadynda sapar bilen ýurdumyzda bolýan şol kompaniýanyň baş dolandyryjysy Hajime Nakamura ýolbaşçylyk edýär.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter