Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

23.07.2018 | Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutyny döretmek hakynda Permana gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwleti öwreniş we Türkmenistanyň kanunçylygy babatda düýpli hem-de amaly barlaglary geçirmek, şeýle hem türkmen döwletini we jemgyýetini demokratiýalaşdyrmak işlerini ylmy taýdan esaslandyrmagy üpjün etmek maksady bilen Permana gol çekip:


23.07.2018 | Ýagmyr Nuryýew Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Ýagmyr Mämijikowiç Nuryýew Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory wezipesine bellenildi.


23.07.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň direktoryny wezipesinden boşatdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Begenç Şadurdyýewiç Çaryýew, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň direktory wezipesinden boşadyldy.


21.07.2018 | Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärlerine

Hormatly saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleri! Gadyrly lukmanlar!


20.07.2018 | Türkmenistan - BMG: durnukly ösüş Maksatlaryna gönükdirilen hyzmatdaşlyk

Nýu-Ýorkda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň howandarlygynda geçirilen ýokary derejeli syýasy forum Durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de olara ýetmegiň netijeli ýollaryny gözlemäge bagyşlandy.


11.07.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti «Tatneft» açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktoryny kabul etdi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Nail Maganowy kabul etdi.


11.07.2018 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkiminiň orunbasary Hajygeldi Baýramdurdyýewiç Orjykowyň üstüne ýüklenildi.


09.07.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Akihito hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abä ýurtda ýagan güýçli ýagyşlaryň netijesinde köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren giň gerimli suw joşguny we süýşgünler zerarly, gynanç hatlaryny iberdi.


09.07.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň Tekirdag welaýatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren otly heläkçiligi zerarly, gynanç hatyny iberdi.


06.07.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary

Şu gün günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter