Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

02.10.2018 | BMG-DE «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabyň tanyşdyryş dabarasy boldy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda çapdan çykan “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdiler.


02.10.2018 | ABŞ-na iş sapary tamamlanandan soň Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabada gaýdyp geldi

Şu gün hormatly Prezidentimiziň uçary Nýu-Ýork şäherinden köp sagatlyk uçuşy amala aşyryp, türkmen paýtagtynyň Halkara howa menzilinde gondy, bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar, olar milli Liderimizi ABŞ-a amala aşyran üstünlikli sapary bilen gutladylar.


02.10.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Joko Widodo ýurduň Sulawesi adasynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren ýertitremesi we sunami zerarly gynanç hatyny iberdi.


02.10.2018 | «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XII halkara kitap sergi-ýarmarkasyna we ylmy maslahata gatnaşyjylara

Sizi Aziýanyň merjen şäheri bolan Aşgabatda geçirilýän «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XII halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň we ylmy maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


02.10.2018 | «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň ХII halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahat

Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň ХII halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň dabaraly açylyşy boldy.


02.10.2018 | «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara ulag-logistika maslahaty geçirilýär

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda “HEAVY СASPIAN: TURKMENISTAN” atly halkara maslahat öz işine başlady.


02.10.2018 | «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynyň koreý dilindäki neşiri çap edildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitaby diňe biziň ýurdumyzda däl-de, daşary ýurtlarda hem uly meşhurlyga eýe bolup, dünýäniň köp dillerinde terjime edildi.


01.10.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-amerikan işewürler maslahatyna gatnaşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün “Türkmenistan — ABŞ” işewürler maslahatyna gatnaşdy.


01.10.2018 | BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlarynyň netijeliligi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatyna gatnaşmagy ýurdumyzyň köpugurly halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesine ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.


01.10.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatyna gatnaşmak üçin ABŞ-da iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter