Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

28.01.2020 | Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy žurnalyň täze sanynda

«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribeleýin žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykyp, geçen ýylyň dürdänji çärýeginde ýurdumyzyň daşary syýasat durmuşynyň möhüm wakalaryna berilýän synlary üzünde jemleýär.


28.01.2020 | TÜRKMENISTAN – BMG: ösüşiň ählumumy maksatlaryna ýetmekde hyzmatdaşlyk

Şu gün «Ýyldyz» myhmanhanasynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň 2019-njy ýyl üçin adam ösüşi boýunça Bütindünýä hasabaty bilen tanyşdyryldy. Foruma ýurdumyzyň ministrlikleriniň we edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň, şeýle hem halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.


28.01.2020 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Baýramdurdyýew Guwanç Ýegenmyradowiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.


27.01.2020 | Diýarymyzyň sebitlerinde täze jaýlar açyldy

Şu gün Watan goragçylarynyň gününde Amyderýanyň boýundaky şäherde Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasy boldy.


27.01.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.


27.01.2020 | Iýmit önümlerini seljermek boýunça Türkmenistanyň barlaghanalarynyň ygtybarly işleri halkara derejesinde ykrar edildi

Indi üç ýyldan gowrak wagt bäri Aşgabatda Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi hereket edýär. Onuň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli amala aşyryldy.


27.01.2020 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna, işgärlerine, harby talyplaryna we esgerlerine

Sizi «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji günlerinde bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!


25.01.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň gündogar sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren ýer titremesi zerarly gynanç hatyny iberdi.


25.01.2020 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 71-si hasaba alyndy.


24.01.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter