Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

01.02.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.Baýramdurdyýew hakynda

Magtymguly Baýramdurdyýewi Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri wezipesine bellemeli.


01.02.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany A.O.Ýazmyradow hakynda

Annageldi Orazberdiýewiç Ýazmyradowy Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine bellemeli.


01.02.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany G.H.Nurmuhammedow hakynda

Guwanç Halberdiýewiç Nurmuhammedowy Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory wezipesine bellemeli.


01.02.2019 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýewe Senagat we kommunikasiýa toplumyna gözegçilik etmek tabşyryldy.


31.01.2019 | Türkmenistan bazar gatnaşyklaryny ösdürmegiň şertlerini üpjün edýär

Şu gün Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» hem-de «Türkmensenagat» agentliklerinde maslahatlar geçirilip, olarda ýakyn geljek üçin bu düzümleriň işiniň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.


31.01.2019 | Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi: özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňeldilýär

Şu günler Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen ÝB-niň dürli düzümleriniň uly wekiliýetleri bilen duşuşyklar geçirilýär.


31.01.2019 | Milli senagatyň ösüşi — täze neşiriň sahypalarynda

Türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän «Türkmenistanyň senagaty» ћurnalynyň täze sany çapdan çykdy. Neşir döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek baradaky maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda dürli durmuş we önümçilik maksatly täze desgalaryň ulanmaga berilmegi bilen baglanyşykly makala bilen açylýar.


31.01.2019 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Bäşimow Döwletmyrat Nurberdiýewiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesinden boşadyldy.


30.01.2019 | Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwrebaplaşdyrylmagy: özgertmeleriň täze tapgyry

Ýurdumyzyň birnäçe pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, milli Liderimiziň 29-njy ýanwarda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet düzümlerini özgertmek boýunça öňe süren wezipelerine bagyşlanan ýygnak geçdi.


30.01.2019 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy wezipesine Azat Silapowiç Atamyradowy saýlamak hakynda şol ministrligiň «Türkmendemirýollary» agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2019-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda çykaran 1-nji karary tassyklanyldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter