Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

04.11.2018 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.


02.11.2018 | Dünýä çempionatynda Türkmenistanyň toparynyň ilkinji medallary

Şu gün paýtagtymyzda geçýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ilkinji ýeňijiler mälim boldy. Olaryň hatarynda 45 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän ildeşimiz Ýulduz Jumabaýewa hem bar.


02.11.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde Prezident maksatnamasynyň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň barşyna, şeýle hem halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň käbir ileri tutulýan meselelerine garaldy.


02.11.2018 | Hökümetara türkmen-owgan toparynyň mejlisi

Şu gün türkmen paýtagtynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-owgan toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi. Owgan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Mohammad Humaýun Kaýumi topara başlyklyk etdi.


02.11.2018 | Saýat etrabynyň pagtaçylarynyň zähmet üstünligi

Şu gün Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň zähmetkeşleri döwlete “ak altyn” satmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Olar 14 müň 950 gektar meýdanda gymmatly ekiniň bereketli hasylyny ýetişdirip, pagtanyň 46 müň 400 tonnadan gowragyny ýygnap aldylar hem-de kabul ediş bölümlerine tabşyrdylar.


02.11.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň Maliýe ministrliginiň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Mohammad Humaýun Kaýumini kabul etdi.


01.11.2018 | Aşgabatda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty badalga aldy

Türkmen paýtagtynda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň dabaraly açylyşy boldy.


01.11.2018 | Türkmen manady — ýurdumyzyň ykdysady özygtyýarlylygynyň kepili

Paýtagtymyzda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi.


01.11.2018 | Russiýanyň Türkmenistandaky kino günleri

Paýtagtymyzyň “Aşgabat” kinoteatrynda açylýan Russiýanyň kino günleriniň çäklerinde rus kinematografiýaçylary tarapyndan dürli ýyllarda döredilen çeper filmleriň dokuzysy görkeziler.


01.11.2018 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter