Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

17.01.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti wideokonferensiýa geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideokonferensiýa geçirdi, onda ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny işläp taýýarlamak bilen bagly meselelere seredildi.


17.01.2019 | Maýa goýum — Türkmenistanyň innowasiýa ykdysadyýetini ösdürmegiň esasy şerti

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maýa goýum syýasaty ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginleriniň we netijeliliginiň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Bu ugurda öňde durýan wezipeleri çözmek hem-de bazar gatnaşyklaryny öňe ilerletmek, halk hojalyk toplumyny düzümleýin özgertmek, ählumumy söwda, ylmy-tehniki we ykdysady gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolan täzeçil usullary pugtalandyrmak üçin Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek işiniň ähmiýeti barha ýokarlanýar.


16.01.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylýan maksatnamalar, şeýle hem «Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» taslamasyny işläp taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


16.01.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä gümrük guramasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä gümrük guramasynyň baş sekretary Kunio Mikuriýany kabul etdi.


16.01.2019 | Türkmenistan - BMG: ilat gaznasy ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde ýurdumyzyň birnäçe döwlet edaralary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) arasynda birnäçe resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.


16.01.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Nikol Paşinýana Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine bellenilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.


15.01.2019 | Rowaçlygyň Watany — Türkmenistanyň ykdysadyýetini sanly ulgama geçirmegiň tapgyrlary

Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça möhüm wezipelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz sanly ykdysadyýetiň konsepsiýasyny amala aşyrmagyň esasy ugurlaryň biri bolup durýandygyny aýdyp, ýolbaşçylar düzümine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


14.01.2019 | Çeperçilik akademiýasynda ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 2019-njy ýylyň “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” şygaryna bagyşlanan çäre geçirildi.


13.01.2019 | Döwlet Baştutanynyň adyna hatlar gelip gowuşdy

Men we meniň ýanýoldaşym Size iberen hatyňyz üçin hoşallyk bildirýäris. Buşuň maşgala agzalary Siziň kakam hakyndaky ýakymly ýatlamalaryňyz üçin minnetdardyr.


13.01.2019 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter