Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

05.09.2018 | Çarwadarlaryň oýunlary: ýygyndymyzyň gazananlarynda ýene-de 5 medal artdy

Şu gün Gyrgyzystanda geçirilýän Çarwadarlaryň III Bütindünýä oýunlarynda türkmen türgenleri gazananlarynyň üstüni ýene-de 5 medal bilen artdyrdylar. “Gyrgyz göreşi” boýunça ýaryşlarda türgenlerimize üstünlik ýar boldy.


05.09.2018 | Zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry

Şu gün Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” aýdym-saz bäsleşigi ajaýyp gala-konsert bilen tamamlandy. Bilim ministrligi, Medeniýet ministrligi hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde geçirilýän bu döredijilik bäsleşigi ýurdumyzyň baş baýramçylygyna ajaýyp sowgat boldy.


05.09.2018 | 5-nji sentýabrda Türkmenistanda pagta ýygymy başlandy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen bu möhüm oba hojalyk möwsümi Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda badalga aldy. Toprak-howa şertlerine görä, Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna 16-njy sentýabrda girişiler.


05.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Ahal prokuroryny wezipesinden boşatdy we wezipä belledi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen:


05.09.2018 | Döwlet Baştutany prokuratura ulgamynda wezipä belledi we wezipeden boşatdy

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen:


05.09.2018 | Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda ata Watanymyz, mähriban halkymyz berkarar döwletimiziň taryhynda uly we möhüm waka öwrüljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygynyň toýuna uly üstünlikler, ýokary ruhubelentlik bilen barýar. Berkararlygyň we bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň hem-de rowaçlygyň ak ýolunda belent maksatlara ruhlandyrýan baş baýramymyzyň şanyna Garaşsyz, Bitarap döwletimizde gazanylýan üstünliklere egsilmez buýsanç duýgularyny has-da pugtalandyrýan aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreleri geçirilýär.


04.09.2018 | Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň täze gurluşyklarynda işleriň barşy bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça dikuçarda paýtagtymyzda alnyp barylýan iri gurluşyklaryň, birnäçe desgalaryň, şäheriň durmuş düzümini ösdürmek, abadanlaşdyrmak boýunça maksatnamanyň iş ýüzünde ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy. Milli Liderimiz uçuşyň dowamynda paýtagtymyzyň ekologiýa ýagdaýyna aýratyn üns berdi.


04.09.2018 | Üç günde — 17 medal

Çarwadarlaryň III Bütindünýä oýunlarynyň üçünji gününde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň gazananlarynyň üsti medallaryň ýene-de bäşisi bilen ýetirildi. Olaryň hatarynda üç altyn, bir kümüş we bir bürünç medallar bar. Ýaryşa gatnaşýan halklaryň milli göreşiniň görnüşlerinde üstünlikli çykyş etmek biziň türgenlerimiz üçin oňat däbe öwrüldi.


04.09.2018 | Ulaglogistik düzümi döretmek boýunça halkara maslahat

Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Merkezi Aziýada sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (MASYH) agza ýurtlarynyň ýük daşaýjylarynyň assosiasiýasynyň federasiýasynyň 9njy mejlisi geçirildi.


03.09.2018 | Çar­wa­dar­la­ryň Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ryn­da ýe­ne-de 9 me­dal ga­za­nyl­dy

Çar­wa­dar­la­ryň III Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­nyň ikin­ji gü­nün­de Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ga­za­nan­la­ry­nyň üs­ti dür­li gym­mat­lyk­da­ky me­dal­la­ryň 9-sy — dört al­tyn, bir kü­müş we dört bü­rünç me­dal bi­len ýe­ti­ril­di. Bi­ziň tür­gen­le­ri­mi­ze gu­şak­lar­da mil­li gyr­gyz guşakly gö­re­şi bo­lan alyş bo­ýun­ça ýa­ryş­lar­da üs­tün­lik ýar bol­dy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter