Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

22.01.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň döredijilik strategiýasy täze neşirlerde öz beýanyny tapýar

Daşary işler ministrligi tarapyndan türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany geçen ýylyň dördünji çärýeginde ýurdumyzyň daşary syýasy durmuşynyň möhüm wakalarynyň synyna bagyşlanýar.


21.01.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.


21.01.2019 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Orazmämmedow Arslan Baýrammämmedowiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.


21.01.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Permanlara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany S.S.MEREDOW hakynda Serdar Sähetgulyýewiç Meredowy Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.


21.01.2019 | Türkmen halylary — halkara serginiň täsin gymmatlyklary

Türkmen halkynyň baý däplerini özünde jemleýän, asyrlaryň dowamynda onuň ajaýyplygyny we täsinligini saklap gelýän milli halyçylyk sungaty şu günler Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde elde dokalan haly önümleriniň 24-nji «Carpet & Art Oasis» atly halkara sergisinde görkezilýär.


20.01.2019 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ýusup Akmyradowiç Amansaryýew Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.


19.01.2019 | Türkmenistanyň kazylarynyň I maslahaty geçirildi

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň kazylarynyň I maslahaty geçirildi. Oňa Ýokary kazyýetiň, Arbitraž kazyýetiniň wekilleri, welaýat, şäher we etrap kazyýetleriniň kazylary gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça öňde goýan wezipeleri girizildi.


19.01.2019 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy.


18.01.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirip, hökümet agzalary bilen resminamalaryň taslamalaryny, wajyp meseleleriň birnäçesini, esasy pudaklary ösdürmegiň wezipelerini, olara, şol sanda döwlet dolandyryş ulgamyna öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.


18.01.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ş.GELDYNAZAROW hakynda

Şalar Geldynazarowy Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky (Nýu-Deli şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter