Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

12.04.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi we amala aşyrylan işlere baha berildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy.


11.04.2019 | Türkmenistan — Owganystan: suwdan peýdalanmakda hyzmatdaşlyk

Şu gün «Arçabil» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Suw meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-owgan utgaşdyryjy toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi.


11.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany I.H.Amanlyýew hakynda

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Ankara şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Işanguly Hojamuhammedowiç Amanlyýewi şol bir wagtda Türkmenistanyň Tunis Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.


11.04.2019 | Resmi habar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň binagärlik — şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, ilatymyz üçin has oňaýly ýaşaýyş we dynç alyş şertlerini döretmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynda inžener ulgamlary we ýollary bilen bilelikde 9 gatly 23 sany döwrebap ýaşaýyş jaýynyň we seýilgähiň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.


10.04.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň — täze şäheriň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Täze merkez Gökdepe etrabynyň çäginde bina ediler.


10.04.2019 | Türkmenistan keselleriň öňüni almakda güýçli hem-de yzygiderli öňdeligi üçin BSGG-niň ýokary bahasyna mynasyp boldy

Şu gün türkmen paýtagtynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň howandarlygynda geçirilen “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek” atly ýokary derejeli Ýewropa maslahaty öz işini tamamlady.


09.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.


09.04.2019 | Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahaty

Şu gün irden paýtagtymyzda, «Ýyldyz» myhmanhanasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek» atly ýokary derejeli halkara maslahaty öz işine başlady.


09.04.2019 | Ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdeleriniň öndürilişi artýar

Şu gün Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Garagan obasynda gazbeton önümlerini öndürýän zawodlar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.


09.04.2019 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gurbandurdyýew Baýmyrat Baýramowiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter