Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

03.12.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine we döwlet durmuşynyň beýleki wajyp meselelerine garaldy.


02.12.2018 | Milli Liderimiz Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

Dynç güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Bu ýerde milli Liderimiz ynsan gylykly bedewler bilen didarlaşdy hem-de adaty endigine eýerip, döredijilik bilen meşgul boldy.


02.12.2018 | Sloweniýanyň Prezidenti türkmen liderini iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady

Sloweniýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli gutlamaga hem-de Size we Siziň dostlukly halkyňyza iň oňat arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.


02.12.2018 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 44-si hasaba alyndy.


02.12.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Jorj Uoker Buşa gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Jorj Uoker Buşa onuň kakasy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 41-nji Prezidenti we görnükli syýasatçy Jorj Gerbert Uoker Buşuň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.


02.12.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 41-nji Prezidenti Jorj Gerbert Uoker Buşuň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny ýollady.


02.12.2018 | Kairde türkmen-müsür Hökümetara toparynyň ikinji mejlisi geçirildi

Kairde ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-müsür Hökümetara toparynyň ikinji mejlisi geçirildi.


01.12.2018 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, şeýle hem milli Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.


01.12.2018 | Türkmenistanyň Mejlisi 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetini kabul etdi

Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň dördünji maslahaty boldy, onda birnäçe täze kanunlar we kadalaşdyryş-hukuk namalary kabul edildi. Maslahata hökümet agzalary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.


01.12.2018 | Türkmenistanyň Mejlisi Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany we halkara ylalaşyklarynyň birnäçesini tassyklady

Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň dördünji maslahatynda “Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany tassyklamak hakynda”; “Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda”; “Ulag babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda”; “Hazar deňzinde hadysalaryň öňüni almak hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda”; “Genosid jenaýatynyň öňüni almak we onuň üçin jezalandyrmak hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda”; Birleşen Milletler Guramasynyň işgärleriniň we onuň bilen bagly işgärleriň howpsuzlygy hakyndaky Konwensiýa Fakultatiw Teswirnama goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň taslamalaryna seredildi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter