Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

06.05.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Moskwa şäheriniň Şeremetýewo howa menzilinde «Aeroflot» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň heläkçilikli ýagdaýda gonmagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.


04.05.2019 | Weteranlaryň sarpalanmagy

Paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde ýakynlaşyp gelýän 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryny, tylyň zähmetkeşlerini we wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryny hatyralamak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, olara pul baýraklary we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylgy.


04.05.2019 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 39-sy hasaba alyndy.


03.05.2019 | Sanly ykdysadyýet we noosfera ösüşi: Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň bähbidine täze ugurlar

2-nji maýda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça möhüm wezipeleri öňde goýdy.


02.05.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde ykdysadyýetimiziň pudaklarynda dört aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň barşyna, şeýle hem türkmenistanlylaryň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen içeri syýasatyň käbir meselelerine garaldy.


02.05.2019 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky (Pariž şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şöhrat Durdykulyýewiç Jumaýew Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili wezipesine bellenildi.


01.05.2019 | Öňde boljak Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi — täze görnüşdäki ýubileý

Şu ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri jemlenen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda işleriň gerimini giňeltmek boýunça wezipeleri öňde goýdy.


01.05.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Ukrainanyň saýlanan Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli, jenap Wladimir Aleksandrowiç Zelenskä tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny iberdi.


01.05.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Imperatoryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Onuň Alyjenaby Naruhitony Ýaponiýanyň Imperatory hökmünde tagta geçmegi mynasybetli, oňa tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.


30.04.2019 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2019-njy ýylyň geçen dört aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter