Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

31.10.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezini gurmagyň taslamalary bilen tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gökdepe etrabyna iş sapary bilen bardy, bu ýerde milli Liderimiz Ahal welaýatynyň guruljak dolandyryş merkezini binagärlik-gurluşyk taýdan ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy.


31.10.2018 | Aşgabatda IWF-niň kongresi geçirildi

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki “Sport” myhmanhanasynda Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) kongresi geçirildi.


31.10.2018 | Ak bugdaý etrabynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi

Ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda “ak altyn” möwsümi güýçli depginde dowam edýär. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ekerançylary hem möwsümiň öňdebaryjylarynyň hataryna goşuldylar.


31.10.2018 | Resmi habar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny giňden ornaşdyrmak we keselleriň öňüni almak, şeýle hem raýatlarymyza ýokary hilli bejeriş we sagaldyş-dikeldiş kömeginiň berilmegini üpjün etmek hem-de dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap hassahanalary gurmak işlerini dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


31.10.2018 | Medeniýet ulgamynda türkmen-horwat gatnaşyklarynyň ösüşi

Paýtagtymyzda Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy.


30.10.2018 | Awazanyň şypahana mümkinçiliklerini artdyrmak halkyň saglygy baradaky aladadyr

Balkan welaýatynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz agtyklary bilen bilelikde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy boýunça gezelenç edip, şu ýylyň iýul aýynda açylan akwaparka baryp gördi.


30.10.2018 | Darganata etrabynyň ekerançylary döwlet tabşyrygyny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler

Darganata etrabynyň ekerançylary pagta taýýarlamak boýunça döwlet tabşyrygyny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler, olar Watan harmanyna 6 müň tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyrdylar.


30.10.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Joko Widodo “Lion Air” awiakompaniýasynyň uçarynyň köp sanly adam pidalaryna getiren heläkçilige uçrandygy zerarly, çuňňur gynanjyny ýollady.


30.10.2018 | Hazaryň gidrometeorologiýasy boýunça utgaşdyryjy komitetiň mejlisi

Paýtagtymyzda Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy boýunça utgaşdyryjy komitetiň (HGUK) nobatdaky maslahaty açyldy.


29.10.2018 | Türkmenistan — Rumyniýa: bilim ulgamynda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi

Söwda-ykdysady ulgamda bolşy ýaly, ynsanperwer-medeni ulgamda hem, hususan-da, bilim ugry boýunça netijeli gatnaşyklary ýokarlandyrmakda türkmen-rumyn hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de çuňlaşdyrmak üçin uly mümkinçiligiň bardygyna türkmen wekiliýetiniň Rumyniýa bolan iş sapary aýdyň şaýatlyk etdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter