Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

10.05.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi.


10.05.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy

Sizi Beýik Ýeňşiň 74 ýyllygy bilen gutlaýaryn. Biziň umumy taryhymyzyň gahrymançylykly sahypalary hakyndaky röwşen ýatlamalaryň ynsanlaryň kalplarynda hemişelik saklanyp galjakdygyna ynanýaryn.


10.05.2019 | Resmi habarlar

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alyp, Türkmenistanyň Býujet kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny öz wagtynda taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


10.05.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany A.A. Annaýew hakynda

Türkmenistanyň Rumyniýadaky (Buharest şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Annamämmet Akmämmedowiç Annaýewi şol bir wagtda Türkmenistanyň Horwatiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.


10.05.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany B.Rejepow hakynda

Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky (Rim şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Berdimyrat Rejepowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Gresiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.


10.05.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.D.Gandymowa hakynda

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň towakganamasy esasynda Mähriban Döwletmyradowna Gandymowany, başga işe geçmegi sebäpli, «Nesil» gazetiniň baş redaktory wezipesinden boşatmaly.


09.05.2019 | Beýik Ýeňşiň hormatyna dabaralar: weteranlara hormat! Gahrymanlara baky şöhrat!

Şu gün ýurdumyzda şanly sene — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi.


09.05.2019 | Daşoguzda Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň maşgalalary üçin ýaşaýyş jaýy dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi

Daşoguzda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň tabşyrygy bilen gullygyň işgärleriniň maşgalalary üçin gurlan täze jaý ulanylmaga berildi. 16 öýli dört gatly binany “Nowruz” etrapçasynda hususy kärhananyň hünärmenleri gurdular.


09.05.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýeňiş baýramy mynasybetli gutlaglar gelip gowuşdy

Sizi hem-de Türkmenistanyň ähli raýatlaryny Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygynyň bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


09.05.2019 | Türkmenistanyň Prezidentini daşary ýurtly kärdeşleri Oraza aýynyň gelmegi bilen gutlaýarlar

Saud Arabystany Patyşalygynyň halkynyň we hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize, Türkmenistanyň doganlyk halkyna mukaddes Oraza aýynyň gelmegi bilen tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we hoşniýetli arzuwlarymy beýan edýärin.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter