Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

04.03.2015 | 2015-nji ýylyň fewraly: milli Liderimiziň daşary syýasata degişli başlangyçlarynyň ugry bilen

Geçen fewral aýyndaky wakalar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugurda ileri tutýan möhüm ugurlaryny hem-de garaşsyz ösüşiň ýolunda gazanýan uly üstünliklerini ýene-de bir gezek äşgär etdi.


03.03.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çagyrmagy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2015-nji ýylyň 3-4-nji marty aralygynda Türkiýe Respublikasynda resmi sapar bilen boldy.


03.03.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary

Aşgabat — Ankara, 3-nji mart (TDH). Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.


02.03.2015 | Türkmen karateçileri ýedi medaly eýelediler

Netanýa, 2-nji mart (TDH). Şu gün Ysraýylyň Netanýa şäherinde tamamlanan adaty karate boýunça halkara ýaryşynda biziň ildeşlerimiz jemi ýedi medala – 1 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç medala mynasyp boldular. Bu bäsleşiklere 7 ýurtdan 100-den gowrak türgen gatnaşdy.


02.03.2015 | Resmi habarlar 2-nji Mart

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Aşyrmyrat Musakowiç Öwezow Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.


02.03.2015 | Doganlygyň we netijeli hyzmatdaşlygyň ruhunda

Şu gün – 3-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary başlanýar.


02.03.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 2-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere we döwlet durmuşyna degişli ileri tutulýan wezipelere garaldy.


02.03.2015 | Parahatçylyk we durnuklylyk ugrundaky sebitleýin hyzmatdaşlyk

Aşgabat, 2-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Grand-Türkmen” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda bilermenleriň “Merkezi Aziýadaky we Owganystandaky parahatçylygyň we durnuklylygyň meseleleri: Bitarap Türkmenistanyň garaýşy” atly sebitleýin maslahaty açyldy.


01.03.2015 | Bahar baýramy mynasybetli ýaryşlar

Geçen dynç alyş günleri 8-nji martda bellenilýän Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp, ýaryşlaryň birnäçesi geçirildi. Olaryň hatarynda “Türkmen bahary — 2015” ady bilen sport tansy hem-de zähmet toparlarynyň arasynda dzýudo we ýeňil atletika boýunça geçirilen ýaryşlary görkezmek bolar.


01.03.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanda bolup geçen köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren dagdan gar harsaňlarynyň süýşmegi zerarly, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti jenap Muhammad Aşraf Ganä gynanç hatyny iberdi.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter