Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

17.03.2019 | Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi

Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň iki günlük sergisi we maslahaty geçirildi. Öz hatarlarynda hususy işewürligiň wekilleriniň 22 müňden gowragyny birleşdirýän bu iri jemgyýetçilik guramasynyň gazananlarynyň giň gerimli sergisi ýurdumyzyň telekeçileriniň eýe bolan ägirt uly kuwwatyny we mümkinçiliklerini doly derejede açyp görkezdi.


17.03.2019 | Türkmenistan Ýakyn Gündogar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeldýär

Iki günüň dowamynda — 16 — 17-nji martda paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň Söwda-senagat edaralary tarapyndan bilelikde guralan türkmen-bahreýn işewürler maslahaty geçirildi. Ilkinji gezek geçirilen maslahat halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berip, iki ýurduň gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädime öwrüldi.


17.03.2019 | Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna

Sizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň on bir ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!


16.03.2019 | Türkmen türgenleriniň Dünýä çarwadarlarynyň festiwalyndaky medallary

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň pälwanlary Dünýä çarwadarlarynyň halkara etnofestiwalyna gatnaşyp, üç medal — türkmen milli göreşi boýunça altyn, alyş guşakly gyrgyz göreşi boýunça kümüş hem-de ssirim milli koreý göreşinde bürünç medallary gazandylar.


16.03.2019 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy.


15.03.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.


15.03.2019 | Türkmenistan — BMG: nesilleriň abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlyk

Şu gün paýtagtymyzdaky BMG-niň wekilhanasynyň binasynda Türkmenistanda 2018 — 2022-nji ýyllarda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan Hereketleriň milli meýilnamasynyň Ýol kartasyny işläp taýýarlamaga bagyşlanan maslahat geçirildi.


15.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täze Zelandiýanyň General-gubernatory hanym Petsi Reddä ýurduň Kraýstçerç şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly, çuňňur gynanjyny ýollady.


14.03.2019 | Türkmenistan dünýä bazarlarynda önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 7-nji martda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde milli ykdysadyýetimiz üçin obasenagat toplumyny ösdürmegiň ähmiýetini aýdyp, oba hojalygyna goldaw bermek işlerini yzygiderli kämilleşdirmegiň we giňeltmegiň, ekerançylygy, maldarçylygy yzygiderli ösdürmek boýunça taslamalary amala aşyrmagyň hem-de bu pudakda işleýän telekeçilere hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň wajypdygyna ünsi çekdi.


14.03.2019 | Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzinde ylmy-barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ylalaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň Birinji mejlisi öz işine başlady.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter