Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

11.06.2015 | Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine

Mähriban ýaşlar! Sizi döwlet derejesinde giňden bellenýän Ylymlar gününiň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan üstünligiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan, kalbynda berkarar döwletimize buýsanç duýgulary joş urýan bagtyýar ýaşlarymyzyň täze ylmy işläp taýýarlamalarynyň, ylmy gazananlarynyň ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine berk ynanýaryn!


11.06.2015 | GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ YLMY JEMGYÝETÇILIGINE HEM-DE «BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ BAGTYÝARLYK DÖWRÜNDE YLYM, TEHNIKA WE INNOWASION TEHNOLOGIÝALAR»

Hormatly alymlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri! Halkara ylmy maslahatyna gatnaşýan gadyrly myhmanlar! Sizi ajaýyp baýram — Ylymlar güni, şeýle hem «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Adamzat jemgyýetiniň ösüşi we özgerişi ylym bilen aýrylmaz baglydyr. Şoňa görä-de, Ylymlar gününiň bitaraplygyň, parahatçylygyň hem-de dostlugyň röwşen ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň ylym ulgamynda gazanýan üstünliklerini alamatlandyrýan baýramçylyk dabaralary agzybir jemgyýetimiziň bitewüligini has-da pugtalandyrmaga ýardam berýär.


11.06.2015 | Neşekeşligiň öňüni almak boýunça sebit maslahaty

Aşgabatda neşe serişdeleriniň ulanylyşynyň öňüni almagyň milli maksatnamalarynyň netijeliligine bagyşlanan iki günlük sebit maslahaty geçirildi.


11.06.2015 | Ýurdumyzyň ylmynyň ösdürilmegi — döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň möhüm alamaty

12-nji iýunda Türkmenistanda Ylymlar güni bellenip geçilýär. Ol ösüşlere beslenen beýik özgertmeler eýýamynda dörän baýramçylykdyr. Şol özgertmeleriň özeninde oýlanyşykly ylmy çemeleşmeler, ylmy pikirleriň öňdebaryjy gazananlary goýlandyr.


10.06.2015 | Resmi habarlar 10-njy Iýun

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Babamurat Allaberdiýewiç Karýagdyýew Lebap welaýatynyň Magdanly şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.


10.06.2015 | Neşekeşligiň öňüni almak boýunça sebit maslahaty

Aşgabat, 10-iýun (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda neşe serişdeleriniň ulanylyşynyň öňüni almagyň milli maksatnamalarynyň netijelliligine bagyşlanan iki günlük sebit maslahaty açyldy. BMG-niň neşeler we jenaýatlar boýunça müdiriýeti tarapyndan guralan duşuşyga gatnaşmak üçin Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Eýrandan, Pakistandan, Owganystandan wekiller, şeýle hem BMG-niň neşeler we jenaýatlar boýunça müdiriýetiniň bilermeni Hanna Heýkila (Awstriýa) we sebitleýin utgaşdyryjysy Nadim Rehman (Eýran) Aşgabada geldiler.


09.06.2015 | 2015-nji ýylyň maýy: milli Liderimiziň daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän daşary syýasat strategiýasynyň netijeliliginiň ählumumy ykrar edilmegi bilen şertlendirilen Türkmenistanyň halkara abraýynyň yzygiderli ýokarlanmagy we onuň dünýäniň syýasy giňişligindäki ornunyň berkidilmegi ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň öňünde ählumumy parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine doly möçberli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak ugruny iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda goýlan wezipeleri çalt ýerine ýetirmek üçin olaryň işini işjeňleşdirmegi talap edýär.


09.06.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Aşgabat, 9-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz we onuň töweregi boýunça dikuçarda iş saparyny amala aşyryp, guşuçar belentlikden birnäçe möhüm desgalarda alnyp barylýan işleri synlady. Milli Liderimiz 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi bilen baglanyşykly käbir meselelere aýratyn üns berdi.


09.06.2015 | Milli teleradioýaýlymlaryň gepleşikleri türkmen hemrasy arkaly ýaýlyma berlip başlandy

Şu günler milli telewideniýäniň we radionyň gepleşikleri “TürkmenÄlem 520E” aragatnaşyk hemrasynyň üsti bilen ýaýlyma berlip başlandy. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ozal habar berlişi ýaly, telekontenti ulanyjylar özleriniň antennalaryny gündogar uzaklygyň 52 gradusyna gönükdirip, onuň hyzmatlaryndan peýdalanyp biler.


08.06.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti “Kazakstan temir joly” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdi.

Aşgabat, 8-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Kazakstan temir joly” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Askar Mamini kabul etdi.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter