Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

09.01.2015 | Resmi habarlar 9-njy Yanwar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Goçmyrat Aşyrmuhammedowiç Myradow Halkara pul gaznasynyň Türkmenistandan dolandyryjysy we Aziýanyň Ösüş bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerinden boşadyldy.


09.01.2015 | Resmi habarlar 9-njy Yanwar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda maldarçylyk we guşçulyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak we ilatymyzyň ýokary hilli et-süýt önümleri bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, şeýle hem azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


08.01.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Fransua Ollanda Pariž şäherinde bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.


08.01.2015 | Ýurdumyzyň bilimi: ulgamy ösdürmegiň netijeleri we geljegi ara alnyp maslahatlaşylýar

Şu günler ýurdumyzyň bilim ulgamynyň edaralarynda geçirilýän mugallymlaryň maslahatlarynda olaryň 2014-2015-nji okuw ýylynyň birinji ýarymynda alyp baran işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşylýar, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmenistanlylaryň ýaş nesline bilim we terbiýe bermegiň derejesini hem-de hilini has-da ýokarlandyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini netijeli çözmek maksadynda öňdebaryjy tejribe we mugallymçylyk iş usuly seljerilýär.


07.01.2015 | Dekabr-2014: milli Liderimiziň daşary syýasata degişli başlangyçlarynyň ugruna eýermek arkaly

Geçen dekabr Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe oňyn özgertmeleriň ugry bilen ynamly gadam urýan döwrebap türkmen döwletiniň täze taryhynda, hakykatdan-da, möhüm ähmiýetet eýe bolan 2014-nji ýyly özboluşly görnüşde jemledi. Netijeli işjeň duşuşyklaryň onlarçasynyň geçirilmegi, köpsanly daşary ýurt wekiliýetleriniň saparlary, iri halkara forumlarynyň we sergileriň guralmagy – bularyň ählisi ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň milli Liderimiziň başlangyjy boýunça “açyk gapylar” syýasatyny hem-de deňhukuklylyga we özara bähbitlilige mahsus ýörelgeler esasynda guralýan giň döwletara hyzmatdaşlygyny durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleýändigini aýdyň görkezýän subutnama öwrüldi.


06.01.2015 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Abdel Fattah Al Sisi, Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


06.01.2015 | Türkmen gämisi Astrahanyň portuna geldi

Astrahan, 6-njy ýanwar (TDH). Şu gün Russiýanyň Astrahan oblastynyň günortasynda ýerleşýän Olýa portunda RO-PAX kysymly “Berkarar” türkmen gämisini garşylamak dabarasy boldy.


06.01.2015 | 2014-nji ýylyň ýyl ýazgysy: bedew badyna eýe bolan beýik işler

12. Welaýatlaryň we Aşgabadyň ösüşi Türkmenistan 2015-nji ýyla ynamly gadam basdy. Ýakyn geljek üçin anyk meýilnamalaryň esasyny bolsa, ýurdumyzy ösdürmekde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan özgertmelerini amala aşyrmakda gazanylan ýokary netijeler we üstünlikler, döwlet Baştutanymyzyň milli ykdysadyýeti pugtalandyrmaga hem-de halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň strategiki maksatlary düzýär.


05.01.2015 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Jeýkob Gedleýihlekisa Zuma, Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa 2014-nji ýylda biziň halklarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine bilelikdäki tagallalary etmäge bolan gyzyklanmalaryňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek


05.01.2015 | Türkmen köli: suw serişdelerini aýawly ulanmak Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr

Merkezi Aziýa sebiti, şol sanda Türkmenistan üçin suw ýaşaýyş, durmuş hem-de mundan beýläkki ösüş üçin iň gymmatly serişdeleriň biri bolup durýar. Şundan ugur almak bilen, daşky gurşawy goramak, şol sanda suw serişdelerini aýawly saklamak we netijeli peýdalanmak wezipeleri Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. “Suw hakynda” Türkmenistanyň Kodeksi suw serişdelerini oba hojalygynda, senagatda we durmuş ulgamynda ulanmagyň hukuk esasy bolup hyzmat edýär.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter