Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

03.02.2020 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwletgeldi Mämmedowiç Garaýew Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.


03.02.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany A.M.Gurbanow hakynda

Arman Muhammetnazarowiç Gurbanowy Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.


02.02.2020 | Resmi habar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetine, ylym-bilim, medeniýet ulgamlaryna ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, dilini we edebiýatyny ylmy esaslarda öwrenmek hem-de ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.


01.02.2020 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Medeniýet ministrliginiň towakganamasy esasynda Röwşen Taýyrowiç Hojamow «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary wezipesine bellenildi.


01.02.2020 | Täze döwletara elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygyna başlanyldy

Şu gün Serhetabat etrabynda täze döwletara elektrik geçirijisi bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ýokary woltly elektrik geçirijisiniň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän böleginiň düýbüniň tutulyş dabarasy boldy.


01.02.2020 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.


31.01.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler we birnäçe resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.


31.01.2020 | Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy

Şu gün paýtagtymyzda Hazar deňzinde gözleg we halas ediş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň ikinji duşuşygy tamamlandy.


31.01.2020 | Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, telekeçi fiziki we ýuridik şahslary döwlet tarapyndan maliýe taýdan goldamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna:


30.01.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy – 2019-njy ýyl: oba hojalyk toplumy

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, ilatyň ýaşaýyş derejesini we hilini ýokarlandyrmak bilen gönüden-göni baglanyşykly obasenagat toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Häzirki wagtda bu ulgamda oba hojalygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter