Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

29.01.2019 | Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek we toplumlaýyn ösdürmek, pudagyň dolandyryş düzümini kämilleşdirmek hem-de daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, şeýle hem Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


28.01.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, obasenagat toplumynda alnyp barylýan işler, şeýle hem döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi girizildi.


28.01.2019 | Türkmenistan — GDA: ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň wekiliýetiniň paýtagtymyza bolan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň birnäçe ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda duşuşyklar hem-de gepleşikler geçirildi.


28.01.2019 | Döwletiň ykdysady kuwwaty — jemgyýetiň we her bir adamyň rowaçlygyna

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan hem-de 2025-nji ýyla çenli döwür üçin niýetlenen we Türkmenistanda durmuşa geçirilip başlanan sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy ähli pudaklary tehnologik taýdan özgertmegiň we olaryň döwlet tarapyndan dolandyrmagyň, ýurdumyzyň ägirt uly serişdeler we önümçilik kuwwatynyň esasynda ykdysady bilimleri kemala getirmegiň özboluşly ýol kartasydyr.


28.01.2019 | Resmi habarlar

Ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Ylymlar akademiýasynyň we ýokary okuw mekdepleriniň garamagyndaky ylmy-barlag, bilim institutlarynyň direktorlaryny wezipä bellemegiň tertibini kämilleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýokarda agzalan ylmy-barlag, bilim institutlarynyň direktorlaryny wezipä bellemegiň tertibi kesgitlenildi.


27.01.2019 | Türkmenistanda merdana Watan goragçylary sarpalanylýar

Şu gün ýurdumyzda şanly sene bolan Watan goragçylarynyň güni we Milli goşunyň döredilmeginiň 27 ýyllygy giňden dabaralandyryldy.


27.01.2019 | Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi ulanylmaga berildi

Türkmenabatda dört gatly täze ýaşaýyş jaýlarynyň ikisiniň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabaralar boldy. Zergeriň demir-beton önümleri zawodynyň işgärleri şäheriň günortasynda Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň işgärleriniň maşgalalary üçin ýaşaýyş jaýlaryny bina etdiler.


27.01.2019 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň serkerdelerine, esgerlerine, gullukçylaryna we harby talyplaryna

Sizi «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji günlerinde bellenýän Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 27 ýyllygy we Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


27.01.2019 | Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine — 27 ýyl

2019-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistan Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 27 ýyllygyny belleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilýän düýpli we täze özgertmeleriň hem-de milli Liderimiziň harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary baradaky ýadawsyz aladalarynyň netijesinde biziň goşunymyz häzirki zamanyň ýokary tehnologiýaly hem-de ykjam Milli goşun derejesine ýetdi. Bu goşun Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goragynyň we eldegrilmesizliginiň hem-de halkymyzyň parahat durmuşynyň kepili bolup durýar.


26.01.2019 | Zenanlar birleşiginiň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň merkezi edaralarynyň mejlisleri

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň IX mejlisi hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň IV mejlisi geçirildi, şolarda bu jemgyýetçilik guramalarynyň işleriniň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary bilen geçýän ýylda esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter