Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

24.04.2015 | Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri

Aşgabat, 24-nji aprel /TDH/. Şu gün paýtagtymyzda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Bu çäre iki ýurduň dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge täze goşant goşmagyna gönükdirilendir.


24.04.2015 | Atçylyk boýunça halkara sergi-ýarmarkasy we maslahaty tamamlandy

Aşgabat, 24-nji aprel (TDH). Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramyna gabatlanylyp geçirilen halkara sergi-ýarmarkasy hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly VII halkara ylmy maslahat öz işini tamamlady.


23.04.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň V mejlisinde eden ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2015-nji ýylyň 23-nji apreli) Hormatly Halkara ahalteke atçylyk assosiasiaýasynyň agzalary! Gadyrly myhmanlar! Hanymlar we jenaplar!


23.04.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň V mejlisine gatnaşdy

Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ganatly bedewleriň hormatyna milli baýrama gabatlanyp Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň V mejlisi geçirildi.


23.04.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň oba hojalyk ministrini kabul etdi

Aşgabat, 23-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip, bu ýerde geçirilýän türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Italiýa Respublikasynyň oba hojalyk ministri jenap Maurisio Martini kabul etdi.


23.04.2015 | Parahatçylygyň we döredijiligiň bähbidine doganlyk gatnaşyklarynyň däplerine eýerip

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça 24-nji aprelde Türkiýe Respublikasynda bir günlük iş saparynda bolar. Şol gün bu ýerde Birinji jahan urşunyň barşynda ýüz ýyl mundan ozal bolup geçen Çanakgala (Dardanel bogazy) söweşiniň gahrymanlarynyň ýadygärliginiň hormatyna dünýäniň döwletleriniň we hökümetleriniň köpüsiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda çäreler geçiriler.


23.04.2015 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 23-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine, şeýle hem käbir möhüm resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Mejlise ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri çagyryldy.


23.04.2015 | Türkmen-italýan işewürler maslahaty

Aşgabat, 23-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň “Mizan” täjirçilik merkezinde geçirilen nobatdaky türkmen-italýan işewürler maslahaty ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde we mundan beýläk-de giňeltmekde möhüm ädim boldy.


23.04.2015 | Resmi habarlar 23-nji Aprel

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çuňňur bilimli, giň dünýägaraýyşly, watançy, kämil terbiýeli nesli kemala getirmek hem-de “Bilim hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


23.04.2015 | Aşgabatda Halkara sergi-ýarmarakasy we maslahaty açyldy

Aşgabat, 23-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan halkara sergi-ýarmarkasy hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly VII halkara ylmy maslahaty açyldy.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter