Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

07.05.2020 | Daşoguz welaýatynda şaly ekişi başlandy

Daşoguz welaýatynyň ekarançylary şaly ekişine girişdiler. Şu ýyl bu ekin 8 müň 100 gektar ýere ekilip, ondan 35 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar. Ekişde ýöriteleşdirilen döwrebap oba hojalyk tehnikalary ulanylar.


07.05.2020 | Telekeçilere welaýatlarda «Türkmen alabaý itleri» merkezleriniň gurluşygy ynanyldy

Şu gün Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde maslahat geçirildi. Maslahata telekeçiler, paýtagtymyzdaky käbir ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.


07.05.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar we wideomaslahatlar geçirildi

Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde sanly wideoaragatnaşyk boýunça Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi. Onda Hazar deňzi — Gara deňiz halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek hakynda dört taraplaýyn hökümetara ylalaşygyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.


07.05.2020 | Resmi habar

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine pagta süýüminiň dürli görnüşlerini senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin hem-de Dokma senagaty ministrligine pagta süýüminiň dürli görnüşleriniň bellenilen möçberlerini degişli bahalardan ýerlemäge ygtyýar berildi.


06.05.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.


06.05.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


06.05.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar we wideomaslahatlar geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň baş sekretary Tomas Greminger bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda kanunçylyk ulgamyndaky özara gatnaşyklar hem-de halkara parlament guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleleriň toplumy ara alyp maslahatlaşyldy.


06.05.2020 | Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi Belarus telegrag agentligi bilen hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdi

Täzelikleri alyşmak ulgamynda özara dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi hem-de “Belarus telegraf agentligi” Respublikan unitar kärhanasy diplomatik ýollar arkaly habarlary alyşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdiler.


05.05.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda


05.05.2020 | GDA ýurtlarynyň habarlar agentlikleri Beýik Ýeňşiň fotosuratlardaky taryhyny görkezdiler

Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belorussiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldawiýanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň habarlar agentlikleri Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygynyň öň ýanynda bilelikdäki taslamany – faşizme garşy göreşde ýeňijileriň gahryman nesline bagyşlanan fotosuratlar sergisini görkezýärler.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter