Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

02.03.2015 | Doganlygyň we netijeli hyzmatdaşlygyň ruhunda

Şu gün – 3-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary başlanýar.


02.03.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 2-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere we döwlet durmuşyna degişli ileri tutulýan wezipelere garaldy.


02.03.2015 | Parahatçylyk we durnuklylyk ugrundaky sebitleýin hyzmatdaşlyk

Aşgabat, 2-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Grand-Türkmen” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda bilermenleriň “Merkezi Aziýadaky we Owganystandaky parahatçylygyň we durnuklylygyň meseleleri: Bitarap Türkmenistanyň garaýşy” atly sebitleýin maslahaty açyldy.


01.03.2015 | Bahar baýramy mynasybetli ýaryşlar

Geçen dynç alyş günleri 8-nji martda bellenilýän Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp, ýaryşlaryň birnäçesi geçirildi. Olaryň hatarynda “Türkmen bahary — 2015” ady bilen sport tansy hem-de zähmet toparlarynyň arasynda dzýudo we ýeňil atletika boýunça geçirilen ýaryşlary görkezmek bolar.


01.03.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanda bolup geçen köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren dagdan gar harsaňlarynyň süýşmegi zerarly, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti jenap Muhammad Aşraf Ganä gynanç hatyny iberdi.


01.03.2015 | Türkmenistan—Malaýziýa: syýahatçylyk arkaly ýakynlaşmak

Iki ýurduň syýahatçylyk edaralarynyň arasynda gol çekilen ylalaşyklar we şertnamalar ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyna wekilçilik edýän türkmen wekiliýetiniň Malaýziýa bolan iş saparynyň anyk netijelerine öwrüldi. Malaýziýanyň syýahatçylyk işewürlik merkezinde guralan işewür maslahatdan başlanan köp sanly duşuşyklar, gepleşikler we geňeşmeler şeýle netijäniň gazanylmagyna getirdi.


28.02.2015 | Birža täzelikleri 28-nji Fewral

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 72-si hasaba alyndy.


28.02.2015 | AzerTAj we Trend TDH-nyň media hyzmatdaşlary boldular

Baku, 28-nji fewral (TDH). Şu gün Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi — TDH bilen Azerbaýjanyň Döwlet habarlar agentliginiň (AzerTAj) arasynda maglumatlar alyşmak baradaky Ylalaşyga gol çekildi. Şunuň ýaly Ylalaşyga TDH bilen Azerbaýjanyň Trend halkara habarlar agentligi bilen hem gol çekildi.


28.02.2015 | Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Aşgabat, 28-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky, ýedinji maslahaty bolup, oňa degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary bilen baglylykda işlenip taýýarlanan kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň birnäçesine degişli meseleler girizildi.


27.02.2015 | Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň önümleriniň sergisi ýapyldy

Aşgabat, 27-nji fewral (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyň X ýöriteleşdirilen sergisi öz işini tamamlady. Aşgabatda yzygiderli geçirilýän bu ykdysady forum türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ägirt uly kuwwatyny hem-de hyzmatdaşlaryň dürli ugurlar boýunça söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge özara gyzyklanmasyny nobatdaky gezek äşgär etdi.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter