Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

25.12.2016 | Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär - “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Bekmyrat Sähetmyradowiç Atalyýewiň Merkezi saýlaw toparynda eden ÇYKYŞY

Hormatly adamlar! Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde - dünýewi, hukuk döwletimizde demokratiýa gün-günden dabaralanýar.


25.12.2016 | Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär – Agrar partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazowyň Merkezi saýlaw toparynda eden çykyşy

Ilki bilen meni ýokary döwlet wezipesine – Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hödürländigii üçin Agrar partiýanyň Merkezi Geňeşine çyn ýürekden sagbolsunymy aýtmaga rugsat ediň.


25.12.2016 | Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär - Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary Annanepesow Maksat Kowusowiçiň Merkezi saýlaw toparynda eden ÇYKYŞY

Hormatly adamlar! Men raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenilen dalaşgär, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary Annanepesow Maksat Kowusowiç.


25.12.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gara deňziniň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Goranmak ministrliginiň “Tu-154” kysymly uçarynyň heläkçilige uçramagy zerarly, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine çuňňur gynanjyny iberdi.


25.12.2016 | Birža täzelikleri 25-nji Dekabr

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 63-si hasaba alyndy.


25.12.2016 | Resmi habarlar 25-nji Dekabr

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Ýusupow Muhammetgeldi Nurmuhammedowiç Aşgabat şäherinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri talabalaýyk guramandygy we işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.


24.12.2016 | Aziada-2017: Türkmenistan dünýä üçin açylýar

Ýetip gelýän 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna görülýän hemmetaraplaýyn taýýarlyk işlerini giňden beýan etmek meselesi şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen ýörite duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa gatnaşmak üçin ýurdumyzyň daşary döwletlerde işleýän diplomatlary, Aziada-2017-ä taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitetiň, Sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary we wekilleri çagyryldy.


24.12.2016 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy

BAE-niň Prezidenti şeýh Zaýed bin Sultan Al-Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgünde Täze ýyl baýramçylyk dabarasy guraldy. Baýramçylygyň esasy nyşany—dürli reňkli öwşün atýan oýnawaçlar bilen bezelen owadan arça öz daşynda köşgüň çagalaryny we terbiýeçilerini hem-de çagalar bilen şatlygyny paýlaşmaga gelen köpsanly myhmanlary ýygnady.


24.12.2016 | Sport institutynda täze fakultet açylar

Şu gün Türkmen Milli sport we syýahatçylyk institutynyň maslahatlar zalynda mejlis geçirildi. Onuň esasy meselesi ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ýokary okuw mekdebiň enjamlaýyn binýadyny gowulandyrmak hem-de onda täze fakulteti açmak hakynda gol çeken kararynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.


24.12.2016 | Ýaş estrada aýdymçylaryň arasynda geçirilen “Ýylyň parlak ýyldyzy-- 2016” atly bäsleşigiň jemi jemlenildi

Şu gün paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde “Ýylyň parlak ýyldyzy-2016” atly döredijilik bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi, onda aýdymçylaryň bäsleşiginiň jemleri jemlenildi we ýeňijileriň atlary yglan edildi.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter