Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

30.01.2015 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 30-njy ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


29.01.2015 | Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen üçtaraplaýyn duşuşyk

Aşgabat, 29-njy ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Gepleşiklere gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň we Türkiýäniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Elmar Mamedýarowyň we Mewlýut Çawuşoglunyň ýolbaşçylygynda iki dostlukly ýurduň wekiliýetleri Aşgabada geldiler.


29.01.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 29-njy ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Elmar Mämedýarowy kabul etdi.


29.01.2015 | “Türkmenistanyň daşary syýasatynyň diplomatiýasy” atly žurnalyň täze sany

“Türkmenistanyň daşary syýasatynyň diplomatiýasy” atly ylmy-tejribe žurnalyň geçen ýylyň soňky çärýeginde ýurdumyzyň daşary syýasy durmuşyndaky möhüm wakalara bagyşlanan nobatdaky sany neşir edildi.


28.01.2015 | Türkmenistanyň sungaty we arhitekturasy – dünýä medeniýetiniň gymmatlygy

2015-nji ýylda Mary şäherine türki dünýäsiniň medeni paýtagty derejesiniň berilmegi Gündogaryň ylym, edebiýat, sungat, arhitektura we medeni merkeziniň taryhy mirasynyň möhümdiginiň ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


28.01.2015 | Türkmen paýtagtynda Mebel we öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi açyldy

Aşgabat, 28-nji ýanwar (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Mebel we öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi öz işine başlady. Ýöriteleşdirilen sergi—ýurdumyzda geçirilýän giň gerimli sergileriň taryhynda ilkinji bolup, ol mebel pudagynyň gazananlaryny, bu ugurda ýurdumyzyň telekeçiligini ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem öý üçin köpdürli senagat harytlaryny öndürmek babatda mümkinçilikleri görkezmäge gönükdirilendir.


28.01.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 28-nji ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogluny kabul etdi.


27.01.2015 | Mary şäheri – türki dünýäsiniň paýtagty myhmanlary kabul edýär

Mary, 27-nji ýanwar (TDH). Şu gün Mary welaýatynyň merkezinde “Mary şäheri - türki dünýäsiniň medeni paýtagty” ýylynyň resmi açylyş dabarasy bolup, şähere berlen bu hormatly derejä görä belleniljek çärelere badalga berildi.


26.01.2015 | Dünýäniň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda türkmen samboçylary ýedi medal gazandylar

Şu günler Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilýän sport we söweş sambosy boýunça dünýäniň Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň tapgyrynda türkmen türgenleri uly üstünlik gazandylar. Ýurdumyzyň türgenleri başa-baş söweş sungatynyň bu iki ugry boýunça jemi ýedi medala — iki altyn, bir kümüş we dört bürünç medala eýe boldular.


26.01.2015 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän dabara gatnaşyjylara

Hormatly adamlar! Gadyrly myhmanlar! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu dabara gatnaşmak üçin gelen daşary ýurtly myhmanlarymyza myhmansöýer Türkmen topragyna «Hoş geldiňiz!» diýýäris!



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter