Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

05.06.2015 | Resmi habarlar 5-nji Iýun

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Jumagylyç Pirmuhammedowiç Jumagylyjow Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.


05.06.2015 | BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” REZOLÝUSIÝASY

Baş Assambleýa, özüniň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky 50/80A Rezolýusiýasyna salgylanyp, her bir döwletiň öz daşary syýasatyny halkara hukugynyň kadalaryna we ýörelgelerine hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna laýyklykda garaşsyz kesgitlemäge özygtyýarly hukugyny tassyklap,


05.06.2015 | Türkmenistanyň milli hemra aragatnaşyk ulgamy iş ýagdaýyna geçýär

Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýunda bolan mejlisinde Türkmenistanyň milli aragatnaşyk hemra ulgamynyň öz işine başlaýandygy barada habar berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilkinji türkmen hemrasynyň ulanylmagynyň aragatnaşyk hyzmatlarynyň dürli görnüşlerini hödürlemäge mümkinçilik berjekdigini belläp, degişli ýolbaşçylara aragatnaşyk ulgamynyň kuwwatyndan doly peýdalanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.


05.06.2015 | Tebigaty goramak: milli tejribe we halkara hyzmatdaşlygy

Aşgabat, 5-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň mejlisler zalynda “Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda tebigaty goramak ulgamynda ýetilen sepgitler we halkara hyzmatdaşlygy” atly maslahat boldy.


04.06.2015 | Mähriban topragymyzyň tebigy baýlyklaryny artdyrmagyň bähbidine

Şu gün bütin dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni giňden bellenilip geçilýär.


03.06.2015 | Türkmenistan — Wengriýa: ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparynyň mejlisi

Aşgabat, 3-nji iýun (TDH). Şu gün ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-wenger toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Oňa iki döwletiň esasy ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Dostlukly ýurduň uly wekiliýetine Wengriýanyň daşary işler ministriniň orunbasary doktor Laslo Sabo ýolbaşçylyk edýär.


03.06.2015 | Resmi habar 3-nji Iýun

«Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi: «Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyna Ýerüsti çeşmelerden we gury ýerde alnyp barylýan işleriň netijesinde hapalanmakdan goramak boýunça Teswirnamany tassyklamak hakynda»;


03.06.2015 | Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Aşgabat, 3-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi. Mälim bolşy ýaly, 28-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu möhüm oba hojalyk işiniň başlanmagyna ak pata berip, babadaýhanlara ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi.


02.06.2015 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 2-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.


02.06.2015 | Resmi habar 2-nji Iýun

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, ilatymyza has oňaýly şertleri döretmek we gowy hilli hyzmat etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter