Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

14.02.2015 | Balkanabatda täze demir ýol menzili guruldy

Balkanabat, 14-nji fewral (TDH). Şu gün ählihalk baýramy bolan Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda Balkan welaýatynyň merkezinde täze demir ýol menziliniň açylyş dabarasy boldy.


13.02.2015 | Uşu boýunça türkmen ussatlary alty medal gazandylar

Eýran Yslam Respublikasynyň Zahedan şäherinde uşu boýunça geçirilen Günbatar Aziýanyň çempionatynda türkmen türgenleri uly üstünlige eýe boldular. Bu göreşiň “sanda” —tutluşyklar görnüşinde türgenlerimiz iki kümüş we dört bürünç medal gazandylar.


13.02.2015 | Statistika boýunça ylmy-amaly maslahat

Aşgabat, 13-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Statistika--Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetiň aýnasy” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň bütin halk hojalyk toplumyny ösüşiň täze derejesine çykarmak boýunça öňde goýlan uly wezipeleri üstünlikli çözmekde statistikanyň ornuna bagyşlanan maslahat Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen bilelikde guraldy.


13.02.2015 | Türkmenistanyň halkara howa gatnawlarynyň sany artýar

Aşgabat, 13-nji fewral /TDH/. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň iş tertibiniň üsti ýene-de bir täze halkara ugrunyň açylmagy bilen ýetirildi. Şu gün Aşgabat we Riga şäherleriniň arasynda yzygiderli howa gatnawy açyldy. 160 ýolagçy üçin niýetlenen “Boeing 737-800" kysymly amatly howa gämisi hepdede bir gezek iki şäheriň arasynda gatnar.


13.02.2015 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 13-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meselelere, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


12.02.2015 | Türkmen paýtagtynda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi öz işini tamamlady

Aşgabat, 12-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işini tamamlady. Däbe öwrülen bu sergini Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň “Meridiýen Uluslararasi Fuarçilik” kompaniýasy bilelikde guradylar.


12.02.2015 | Türkmenistan Malaýziýanyň paýtagty bilen göni awia gatnawy açdy

Kuala-Lumpur, 12-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen awia gatnawlaryna degişli bolan hem-de dünýäde uçarlaryň döwrebap kysymlarynyň biri hasaplanýan “Boeing 777-200LR" kysymly uçar Türkmenistanyň we Malaýziýanyň paýtagtlaryny baglanyşdyran ugur boýunça ilkinji uçuşy amala aşyrdy.


11.02.2015 | Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň utgaşdyryjy toparynyň mejlisi

Aşgabat, 11-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň utgaşdyryjy toparynyň ilkinji mejlisi geçirildi. Ol 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň nobatdaky tapgyrlaryny ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy.


11.02.2015 | Taryhy-medeni miras – halkyň we adamzadyň gymmatlygy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän “Miras” ylmy-köpçülikleýin žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen žurnalda türkmen halkynyň taryhy-medeni we ruhy mirasyny öwrenmek boýunça geçirilýän işleriň netijeleri we täze açyşlar baradaky makalalaryň berilmegi dowam edýär.


11.02.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Saglyk ýoluny geçdi

Aşgabat, 11-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işiniň köpdügine garamazdan, sport bilen meşgullanmak ýaly üýtgewsiz ýörelgesine eýermek bilen, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary bilen Saglyk ýoluny geçdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter