Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

27.01.2017 | Türkmen ýüpekçileri 2017-nji ýylda 2 müň 30 tonna pile taýýarlar

Dokma senagaty ministrliginiň “Türkmen ýüpek” paýdarlar jemgyýeti tarapyndan 2017-nji ýylda pile taýýarlamak boýunça möwsümi geçirmegiň meýilnamasy işlenilip taýýarlanyldy. Bu ugurda görülýän çäreler, şol sanda iýmlik binýady bolan tut nahallarynyň ekilişini artdyrmak, ýüpekçileri ýokary hilli gurçuk tohumy hem-de ýüpek gurçugyny ösdürip ýetişdirmegiň netijeli tehnologiýalary bilen üpjün etmek gaýtadan işleýän kärhanalary çig mal bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.


27.01.2017 | Täze köpri söwda aragatnaşyklarynyň pugtalanmagyna ýardam berer

Täze köpri goňşy döwletleriň arasyndaky söwda aragatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, ýük we ýolagçy gatnawlarynyň üznüksiz amala aşyrylmagyna ýardam eder.


27.01.2017 | Raýat awiasiýasy boýunça halkara guramasynyň ýanynda Türkmenistanyň wekili bellenildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky (Waşington şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Meret Baýramowiç Orazow Raýat awiasiýasy boýunça halkara guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň wekili wezipesine bellenildi.


27.01.2017 | Bilim ulgamyna ýardam bermek boýunça Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikdäki taslama durmuşa geçirilýär

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ýewropa Bileleşiginiň “Türkmenistanda bilim ulgamyna ýardam bermek” taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça ilkinji strategik okuw-maslahaty geçirilýär. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ÝB-niň wekilhanasy bilen bilelikde guralan foruma ýurduň birnäçe pudak edaralarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň hem-de okuw mekdepleriniň wekilleri, şeýle hem halkara bilermenler gatnaşýarlar.


27.01.2017 | GDA-dan bolan synçylar toparynyň ştaby nobatdaky habaryny beýan etdi

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan bolan Synçylar topary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça saýlaw möwsümine syn etmek işlerini dowam edýär.


27.01.2017 | 30-njy ýanwarda saýlawçylaryň dalaşgärler bilen nobatdaky duşuşyklary geçiriler

2017-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgärler bilen duşuşyklary geçiriler. Merkezi saýlaw toparynyň habar berşi ýaly, Meretdurdy Gurbanow bilen duşuşyk Mary welaýatynyň M. Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda, Serdar Jelilow bilen duşuşyk Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher häkimliginde bolar.


27.01.2017 | Ramazan Durdyýew Mary welaýatynyň saýlawçylarynyň sowallaryna jogap berdi

Mary welaýatynyň M.Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär—Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory, Mejlisiň deputaty Ramazan Durdyýew bilen duşuşygy boldy.


27.01.2017 | Lebap welaýatynda dalaşgär Meretdurdy Gurbanow saýlawçylar bilen duşuşdy

Lebap welaýatynyň merkezindäki S.Seýdi adyndaky döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär—Daşoguz welaýatynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary Meretdurdy Gurbanow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi.


27.01.2017 | Daşoguzda saýlawçylaryň Serdar Jelilow bilen duşuşygy geçirildi

Daşoguz welaýatynyň merkezinde saýlawçylaryň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär-Ahal welaýatynyň Ykdysadyýet we ösüş müdiriýetiniň başlygy Serdar Jelilow bilen duşuşygy geçirildi. N.Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda bolan bu çärä ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, kärhanalaryň işgärleri, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar.


27.01.2017 | Süleýmannepes Nurnepesow Balkan welaýatynyň saýlawçylarynyň sowallaryna jogap berdi

Balkan welaýatynyň saýlawçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär-“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Nurnepesow bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda geçirildi, oňa ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, kärhanalaryň we guramalaryň işgärleri, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter