Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

22.03.2015 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Rejep Taýyp Ärdogan, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly jenap Prezident, gadyrly doganym, Nowruz baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi hem-de dostlukly we doganlyk türkmen halkyny, türk halkynyň adyndan we hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaýaryn.


22.03.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhana ejesi, hanym Sakine Peýwandiniň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.


22.03.2015 | Birža täzelikleri 22-nji Mart

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.


22.03.2015 | Bahar baýramynyň hormatyna paýtagtymyzdaky dabaralar

Aşgabat, 22-nji mart /TDH/. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeniýet işgärlerine hem-de bu ulgamyň ýolbaşçylaryna Halkara Nowruz gününi özboluşly milli däplere laýyklykda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada beren tabşyrygyna jogap edip, ýurdumyzyň sungat ussatlary, suratkeşleri hem-de sazandalary, artistleri we şahyrlary, tansçylary we aýdymçylary bu ajaýyp bahar toýuna mahsus bolan aýratyn gerim bilen döredijilik sowgatlaryny taýýarladylar.


21.03.2015 | Türkmenistan Halkara Nowruz gününi garşylady

Ahal welaýaty, 21-nji mart (TDH). Türkmenistanlylar Halkara Nowruz baýramyny ählumumy ruhy galkynyş we şadyýanlyk ýagdaýynda uly gerim bilen bellediler. Şu bahar günlerinde bütin ýurdumyzda bolup geçýän dabaralar gadymy türkmen topragyny gül-läleleriň öwüşgini bilen şuglalandyrdy, ony aýdym-saz, gadymy däpleriň gözelligi bilen baýlaşdyrdy, bagtyýar çagalaryň şadyýan gülkülerini eçildi.


20.03.2015 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Nursultan Nazarbaýew, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz, Sizi halklaryň beýik baýramy – Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


20.03.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglary kabul etdi

Aşgabat, 20-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyndan, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryndan Milli bahar baýramy - Halkara Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglary kabul etdi.


20.03.2015 | Resmi habarlar 20-nji Mart

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin has oňaýly şertleri döretmek hem-de ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgini terbiýelemek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy tassyklanyldy.


20.03.2015 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 20-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde durýan wezipelere garaldy, ony mundan beýläk-de okgunly ösdürmek we döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatynyň beýleki möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


20.03.2015 | Döwletliler köşgünde bolan dabara

Aşgabat, 20-nji mart (TDH). Nowruz baýramynyň öň ýanynda paýtagtymyzyň Döwletliler köşgünde terbiýe alýanlara ýene bir sowgat gelip gowuşdy. Şu gün nobatdaky “SCANIA” awtobusy olaryň ygtyýaryna berildi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter