Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

01.06.2015 | Türkmenistanyň Bilýard sporty federasiýasy döredildi

Aziýanyň Olimpiýa GeňeşiniňAşgabatda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky çözgüdi ýurdumyzda täze sport federasiýalarynyň açylmagyny şertlendirdi. Ine, ýakynda Türkmenistanyň Bilýard sporty federasiýasy resmi taýdan bellige alyndy. Dessine hem ýurdumyzyň ilkinji çempionaty geçirildi.


01.06.2015 | Döwletliler köşgündäki dabaralar

Aşgabat, 1-nji iýun (TDH). Hormatly Prezidentimiziň Aşgabatdaky Döwletliler köşgüniň gaznasynyň hasabyna geçiren haýyr-sahawat serişdesi hoşniýetli erkiň, ynsanperwerligiň we rehimdarlygyň ýene-de bir çäresi, ösüp gelýän nesil hakdaky atalyk aladanyň subutnamasy boldy.


31.05.2015 | TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Bedenterbiýe we sport hakynda

Şu Kanun Türkmenistanyň raýatlarynyň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge gönükdirilip, Türkmenistanda bedenterbiýe we sport babatda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär we bu işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny belleýär.


31.05.2015 | Jiu-jitsu boýunça türkmen ussatlarynyň üstünligi

Bangalor, 31-nji maý /TDH/. Şu gün Hindistanyň Bangalor şäherinde jiu-jitsu söweş sungaty boýunça Merkezi we Günorta Aziýa çempionaty tamamlandy. Şonda türkmenistanlylar medallaryň 14-sini /!/—sekiz altyn, iki kümüş we dört bürünç medal gazanyp, ýokary sport ussatlygyny görkezdiler.


31.05.2015 | Türkmen woleýbolçylary Aziýa çempionatynyň finalynda çykyş eder

Bangladeş döwletiniň paýtagty Dakka şäherinde geçirilen erkekleriň arasynda woleýbol boýunça Aziýanyň /Merkezi zolak/ zonal çempionaty Türkmenistanyň ýygyndysynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Altyn medaldan we kubokdan başga-da, watandaşlarymyz şu ýylyň 25-nji iýulyndan 5-nji awgusty aralygynda Eýran Yslam Respublikasynda geçirilek Aziýa çempionatynyň final tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandylar.


31.05.2015 | Birža täzelikleri 31-nji Maý

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.


31.05.2015 | Aşgabatda pudaklaýyn halkara sergi we maslahat geçirildi

Aşgabat, 30-njy maý (TDH). Şu gün ýurdumyzda giňden bellenýän umumymilli baýramçylyga bagyşlanan “Türkmen halysy - türkmeniň kalby” atly halkara sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Ýurdumyzdaky bu uly pudaklaýyn çäre “Türkmenhaly” döwlet birleşigi hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guraldy.


29.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Aşgabat, 29-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Abdul Maligi kabul etdi, ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.


29.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi

Aşgabat, 29-njy maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçylar düzüminden her ýylyň 29-njy maýynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi.


29.05.2015 | Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary giňeltmek we pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Abdul Maligi Pakistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemegi karar etdim.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter