Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

12.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa—Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Wena, 12-nji maý (TDH). Awstriýa Respublikasynda resmi saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Awstriýa—türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Bergeri kabul etdi.


12.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti AEHA-nyň baş direktory bilen duşuşdy

Wena, 12-nji maý (TDH). Awstriýa Respublikasynda resmi saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Atom energiýasy boýunça Halkara agentliginiň (AEHA) baş direktory Ýukiýa Amano bilen duşuşdy. Duşuşyk türkmen döwletiniň Baştutanynyň resmi kabulhanasy ýerleşen “Imperial” myhmanhanasynda geçirildi.


12.05.2015 | Özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek ýoly bilen

13-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sloweniýa Respublikasyna resmi sapary başlanýar.


12.05.2015 | Ýokary derejedäki türkmen-awstriýa gepleşikleri

Wena, 12-nji maý (TDH). Şu gün Awstriýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Haýns Fişeriň arasynda gepleşikler geçirildi.


12.05.2015 | Ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak hakynda Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY

Onuň Alyhezreti Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti doktor Haýns Fişeriň çagyrmagy boýunça Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2015-nji ýylyň 12-nji maýynda Awstriýa Respublikasyna resmi sapary amala aşyrdy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýanynda ýokary derejeli wekiliýet we beýleki wezipeli adamlar boldy.


12.05.2015 | Milli Liderimiziň «Türkmenistan — abadançylygyň we rowaçlygyň ýurdy» diýen täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy

Aşgabat, 12-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mejlisler zalynda täze neşiriň — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — abadançylygyň we rowaçlygyň ýurdy” diýen täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy.


11.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Awstriýa Respublikasyna resmi sapary başlandy

Şu gün --12-nji maýda Awstriýa Respublikasynyň paýtagtynda ýokary derejedäki türkmen-awstriýa gepleşikleri geçiriler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün agşam resmi sapar bilen Wena ugrady.


11.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 11-nji maý /TDH/. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly ileri tutulýan wezipelere, obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna hem-de döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe wajyp meselelerine garaldy.


11.05.2015 | “Kitaby dädem Gorkut” gadymy türkmen şadessanynyň täze neşiri

Aşgabat, 11-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynda “Kitaby dädem Gorkut” diýen gadymy türkmen eposynyň täze neşiriniň tanyşdyryş dabarasy boldy.


09.05.2015 | Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar

Aşgabat, 9-njy maý (TDH). Şu gün Türkmenistanda şanly sene – 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde XX asyryň iň gazaply urşunyň söweş meýdanlarynda gaýduwsyzlyk bilen söweşip, edermenligiň we gahrymançylygyň deňsiz-taýsyz nusgasyny görkezen türkmenistanly gahrymanlar sarpalanýar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter