Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

15.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şagryýet güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi

Aşgabat, 15-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyndan, Ministrler Kabinetiniň Bşlygynyň orunbasarlaryndan, şeýle hem ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryndan ýurdumyzda giňden bellenilýän Konstitusiýa we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi.


15.05.2015 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Serž Sargsýan, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy-- hemmämiz üçin beýik we mukaddes baýramçylyk bilen tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň.


15.05.2015 | Türkmen-awstiýa dostlugy: medeni gatnaşyklarda parahatçylyk waspy

Şu hepdede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa Respublikasyna bolan resmi sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädime öwrüldi. Ol geljekki gatnaşyklar, bilelikdäki taslamalar we täze meýilnamalar üçin esas boldy we netijeli türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň artdyrylmagyna kuwwatly itergi berdi. Onuň çäklerinde medeni gatnaşyklara aýratyn orun degişlidir.


15.05.2015 | Türkmenistan –Ýaponiýa: netijeli hyzmatdaşlygyň sepgitleri

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji maýda bolan mejlisinde degişli Kararlara gol çekip, “Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyny” hem-de “Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasyny” tassyklady.


15.05.2015 | Türkmen edebiýatynyň dünýä meşhur nusgawy şahyrlarynyň hatyrasyna

Aşgabat, 15-nji maý (TDH). Şu gün, ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senäniň - Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň döredijilik intelligensiýasynyň wekiliýeti türkmen halkynyň ajaýyp ogullary Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň müdimilik aram tapan ýerine zyýarat etmek üçin ýurdumyzyň paýtagtyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatyna ugrady.


14.05.2015 | Dünýä metbugatynyň sahypalarynda: Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklary

Türkmenistan Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa we Sloweniýa bolan resmi saparlarynyň netijeleri boýunça dünýä metbugaty şeýle netijä geldi.


14.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Sloweniýa Respublikasyna sapary tamamlandy

Lýublýana — Aşgabat, 14-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sloweniýa Respublikasyna resmi saparynyň ikinji, jemleýji güni boldy.


13.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidentiniň metbugat wekillerine ýüzlenmesi

Hormatly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri! Gadyrly dostlar! Hanymlar we jenaplar!


13.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Sloweniýa Respublikasyna resmi sapary

Wena-Lýublýana, 13-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sloweniýa Respublikasyna resmi sapary başlandy.


13.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

WENA, 13-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Awsrtriýa Respublikasynda resmi saparda bolmagynyň çäklerinde ÝHHG-niň Baş sekretary Lamberto Zanýer bilen duşuşdy. Wagt tapyp duşuşandygy üçin çuňňur hoşallyk bildirip, iri halkara guramasyngyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy iki ýurduň özara peýdaly hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini äşgär eden ýokary derejedäki türkmen-awstriýa gepleşikleriniň uly üstünliklere beslenmegi bilen gutlady.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter