Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

08.03.2015 | Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar

Ajaýyp bahar baýramy bolan Halkara zenanlar güni -- 8-nji mart senesini dabaralandyrmakda şu günler paýtagtymyzda, ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda mähriban, söýýän we söýülýän ene-mamalarymyza, gyzlarymyza we uýalarymyza bagyşlanan dabaralar guraldy.


08.03.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

Aşgabat, 8-nji mart (TDH). Şu gün, dynç gününde boş wagtlaryny at üstünde gezim etmegi, şol sanda sport bilen meşgullanmagy, täze kitabyň üstünde işlemegi özi üçin endige öwren milli Liderimiz agtygy bilen Köpetdagyň eteginde ýerleşýän atçylyk toplumyna geldi.


07.03.2015 | Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri tamamlandy

Aşgabat, 7-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde geçirilen türkmen we eýran medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti döredijilik çäresiniň jemleýji bölegine öwrüldi.


06.03.2015 | Resmi habarlar 6-nji Mart

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky (Minsk şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nazarguly Şagulyýew Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky Hemişelik Doly ygtyýarly wekili wezipesine bellenildi.


06.03.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti täze gurulýan desgalar bilen tanyşdy

Aşgabat, 6-njy mart (TDH). Şu gün ir säher bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işe barýarka, ýolugra ejesiniň saglyk ýagdaýyndan habar almak maksady bilen, lukmançylyk merkezine sowuldy. Lukmanlar milli Liderimize Ogulabat ejäniň saglyk ýagdaýynyň kadalydygyny habar berdiler.


06.03.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ýurdumyzda işleri wagtlaýyn ynanylan wekilini kabul etdi

Aşgabat, 6-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili jenap Ýasusige Okimotony kabul etdi, ol ýurdumyzda özüniň diplomatik işini tamamlaýar.


06.03.2015 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 6-njy mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


05.03.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

Ozal habar berlişi ýaly, Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň Ykdysadyýet we tehnologiýa uniwersitetiniň alymlar geňeşiniň çözgüdine laýyklykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýokary okuw mekdebiniň Hormatly doktory adyna mynasyp boldy. Bu waka biziň ýurdumyzda uly joşgun bilen garşylandy. Diýarymyzyň ähli künjeklerinden hormatly Prezidentimiziň adyna köp sanly gutlag hatlary we telegrammalary gelip gowuşýar.


05.03.2015 | Bir zalda dört ýaryş

Paýtagtymyzdaky täze Küşt-şaşka mekdebi öz binasynda ilkinji milli ýaryşlary kabul etdi. Bu ýerde bir wagtyň özünde 10, 12,16 we 18 ýaşa çenli toparlarda küşt boýunça Türkmenistanyň 4 sany ýaryşlary geçirildi. Intellektual bäsleşikler ýurdumyzyň welaýatlarynyň bäşisinden we Aşgabat şäherinden küştçüleriň 150-ä golaýyny ýygnady.


05.03.2015 | Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty badalga aldy

Aşgabat, 5-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzda HTTU — “Balkanyň” duşuşygyndan ýokary liga toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň 23-nji çempionaty badalga aldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter