Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

10.02.2015 | Taryhy-medeni miras – halkyň we adamzadyň gymmatlygy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty tarapyndan türkmen, rus we iňlis dillerinde her çärýekde neşir edilýän “Miras” ylmy-köpçülikleýin žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen žurnalda türkmen halkynyň taryhy-medeni we ruhy mirasyny öwrenmek boýunça geçirilýän işleriň netijeleri we täze açyşlar baradaky makalalaryň berilmegi dowam edýär.


10.02.2015 | Aşgabatda türk önümleriniň sergisi açyldy

Aşgabat, 10-njy fewral (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady. Iki ýurduň söwda-ykdysady taýdan gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen bu çäre hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny öz içine aldy.


09.02.2015 | Şort-tregiň ýaş ussatlarynyň ilkinji halkara üstünligi

Aşgabat, 9-njy fewral (TDH). Şu gün ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdepde türgenleri hormatlamak dabarasy boldy. Olar Koreýanyň Phençhan şäherinde geçirilen şort-trek boýunça (konkide typmak sportunyň bir görnüşi) ýaşlaryň halkara synag-ýaryşynda Türkmenistan üçin ilkinji medallaryň ähli görnüşlerini gazandylar.


09.02.2015 | “Ahal” AFK-nyň Kubogynda ýeňiş bilen başlady

Aşgabat, 9-njy fewral (TDH). Şu gün “Aşgabat” sport toplumynyň merkezi meýdançasynda Aziýa futbol konfederasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň çäklerinde “Ahal” (Türkmenistan) we “Dordoý” (Gyrgyzystan) komandalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Şonda 1:0 hasabynda biziň futbolçylarymyz ýeňiş gazandy.


09.02.2015 | Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara

Hormatly sergä gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljak Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň açylmagy bilen sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn!


09.02.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 9-njy fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleri girizildi, amala aşyrylýan özgertmeler bilen baglylykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda işleriň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy.


08.02.2015 | Sport syny

Geçen dynç günleri ýurdumyzyň sport durmuşy birnäçe ähmiýetli wakalara beslendi. Şenbe güni, 7-nji fewralda 1997-1998-nji ýylda doglan ýetginjekleriň we gyzlaryň arasynda basketbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi ugrunda ýaryşyň ýeňijileri we baýrak eýeleri kesgitlenildi. Ýekşenbe güni bolsa ýakynda türkmen paýtagtynda açylan ýöriteleşdirilen täze küşt-şaşka mekdebinde sportuň aň-paýhas görnüşleri boýunça ýaryşyň üçüsi geçirildi.


08.02.2015 | Birža täzelikleri 8-nji Fewral

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.


06.02.2015 | Resmi habarlar 6-njy Fewral

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Suleýmanmyrat Altyýewiç Guladow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktorynyň orunbasary wezipesine bellenildi.


06.02.2015 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 6-njy fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine, şeýle hem birnäçe möhüm resminamalaryň taslamalaryna garaldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter