Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

08.04.2015 | Aşgabatda Halkara gurluşyk sergisi açyldy

Aşgabat, 8-nji aprel (TDH). Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde halkara gurluşyk sergisi we maslahaty öz işine başlady. Ol ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.


08.04.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 8-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň daşary işler ministri Suşma Swarajy kabul etdi.


08.04.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 8-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda diplomatiki işini tamamlaýan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Helmut — Wolfgang Bretti kabul etdi.


08.04.2015 | Moldowanyň Prezidenti Halkara atçylyk toplumyna baryp gördi

Aşgabat, 8-nji aprel (TDH). Şu gün, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolae Timofti Türkmenistana resmi saparynyň jemleýji güni Halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördi.


08.04.2015 | Jemgyýeti demokratiýalaşdyrmak ugruna eýerip

Aşgabat, 8-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasynyň” tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hem-de ýurdumyzda resmi taýdan bellenen halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.


07.04.2015 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Nikolaýe Timoftiniň arasyndaky gepleşikler

Aşgabat, 7-nji aprel (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolaýe Timoftiniň arasynda gepleşikler geçirildi.


06.04.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

Şu günler döwlet we jemgyýetçilik işgärleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Bütindünýä saglyk güni bilen gutlaýarlar. Olaryň iberýän hatlarynda şanly seneleriň milli senenamasyna girizilen bu halkara baýramçylygynyň türkmen jemgyýetiniň sagdynlygyny, agzybirligini we jebisligini, ägirt uly döredijilik kuwwatyny alamatlandyrýan aýratyn dabara hökmünde giňden bellenilýändigi nygtalýar.


06.04.2015 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Parahatçylygy, ynsanperwerligi, döredijiligi we ruhubelentligi dabaralandyrýan bu halkara baýramçylygynyň şanyna geçiriljek çäreleriň beýik geljegimize uly ynam bilen barýan merdana halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary galdyrjakdygyna berk ynanýaryn!


06.04.2015 | Aşgabatda Hökümetara türkmen-moldowan toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Aşgabat, 6-njy aprel (TDH). Şu gün Aşgabatda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-moldowan toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Ol Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolae Timoftiniň Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde guraldy.


06.04.2015 | Maksat — hyzmatdaşlygyň täze derejesi

7-nji aprelde Aşgabada ýokary derejedäki türkmen-moldowan gepleşikleri geçiriler. Olara gatnaşmak üçin düýn agşam ýurdumyza Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolae Timoftiniň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti geldi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter