Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

22.05.2015 | Resmi habarlar 22-nji Maý

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda gök-bakja, miwe we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, olary talaba laýyk saklamak hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň her birinde gök-bakja, miwe we beýleki oba hojalyk önümlerini saklamaga niýetlenen bir sany döwrebap sowadyjy ammaryň taslamasyny düzmek hem-de olary gurmak barada degişli ýerli kärhanalar bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.


22.05.2015 | Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasynda Medeniýet günleri

Bişkek, 22-nji maý /TDH/. Şu gün gyrgyz paýtagtynyň T.Satylganow adyndaky Milli filarmoniýanyň uly zalynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy.


21.05.2015 | Pakistanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary tamamlandy

Aşgabat, 21-nji maý (TDH). Şu gün Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarifiň Türkmenistana resmi sapary tamamlandy.


21.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmgiň taslamalary bilen tanyşdy

Aşgabat, 21-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan giň möçberli işler hem-de zolagy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan taslamalar bilen tanyşdy.


21.05.2015 | Resmi habarlar 21-nji Maý

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Esen Öwezmämmedowiç Ýanikow “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.


21.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Baku şäherinde bolup geçen köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelere getiren heläkçilik zerarly Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýewe çuňňur gynanjyny beýan etdi.


21.05.2015 | Energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri artýar

Awaza, 21-nji maý (TDH). Şu gün “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda 19-20-nji maýda bu ýerde geçirilen Türkmenistanyň VI halkara Gaz kongresine gabatlanyp guralan halkara sergisiniň ýapylyşy boldy.


20.05.2015 | Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna

Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahaty 2015-nji ýylyň 23-nji maýynda sagat 9.00-da Türkmenistanyň Mejlisiniň jaýynda geçirilýär.


20.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Aşgabat, 20-nji maý (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarifiň arasynda gepleşikler geçirildi.


20.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Onuň Alyhezreti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Onuň Alyhezreti jenap Muhammad Nawaz Şarifiň BILELIKDÄKI MAGLUMATY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarif 2015-nji ýylyň 20—21-nji maýynda Türkmenistana resmi sapary amala aşyrdy. Pakistanyň Premýer-ministriniň ýanynda ýokary derejedäki wekiliýet boldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter