Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

13.01.2017 | Döwlete degişli däl ulgamda senagat önümçiligi 40 göterim ýokarlandy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary tarapyndan 2016-njy ýylda senagat önümleri 2015-nji ýyldakydan 41 göterim köp öndürildi.


13.01.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Jumanazar Annaýew Ahal welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşdy

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga sebitiň dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, kärhanalaryň we daýhan birleşikleriniň zähmetkeşleri, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar.


11.01.2017 | Maliýe-hukuk medeniýeti – bazar gatnaşyklarynyň esasy

Ýurdumyzyň salgyt kanunçylygynda üýtgetmeler barada maglumatlary we düşündirmeleri yzygiderli berýän, şeýle hem öz sahypalarynda bilermen-maslahat işlerini alyp barýan “Türkmenistanyň salgyt ulgamy” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.


11.01.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler Ahal we Balkan welaýatlarynyň saýlawçylary bilen duşuşarlar

Saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler bilen duşuşyklary dowam edýär. Merkezi saýlaw toparynyň habaryna görä, 2017-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Maksat Annanepesow bilen duşuşyk Balkan welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda, Jumanazar Annaýew bilen duşuşyk Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet köşgünde geçiriler.


11.01.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär M. Annanepesow Ahal welaýatynda saýlawçylar bilen duşuşdy

Ahal welaýatynyň saýlawçylarynyň döwlet Baştutany wezipesine dalaşgär - Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary Maksat Annanepesow bilen duşuşygy boldy.


11.01.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdul Maligi kabul etdi. Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we pakistanly diplomat hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.


11.01.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Türkmenistanda täze bellenen hemişelik utgaşdyryjysy, BMGÖM-niň hemişelik wekili, Ilat gaznasynyň wekili hanym Ýelena Panowany kabul etdi. Ol ynanç hatyny gowşurdy.


10.01.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň sport merkezlerinde türgenleşik geçdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz egindeşleri bilen bilelikde esasy desgalarynyň gurluşygy tamamlanan paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde ir bilen türgenleşik geçdi, şeýle hem Awtosport merkezinde sport awtoulagyny ýokary tizlikde sürmegiň ussatlygyny görkezdi.


10.01.2017 | Türkmenistanda hünärmenleri taýýarlamagyň innowasiýa häsiýetli we köp dilli ulgamy kemala gelýär

6.Ylym we bilim ulgamy


10.01.2017 | Aziýa oýunlary mynasybetli geçirilýän atly ýöriş Lebap welaýatyna bardy

Mundan laýyk 250 gün ozal, 2016-njy 5-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gadymy “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýanynda Aziada-2017 mynasybetli ýyndam hem-de owadan ahalteke bedewine atlanan 17 çapyksuwaryň gatnaşmagyndaky atly ýörişe badalga berdi. 500 günüň dowamynda atly ýöriş ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan geçer hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylýan güni Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde jemleýji pellehanasyna ýeter.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter