Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

10.08.2015 | Resmi habarlar 10-nji Awgust

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan uzakmöhletleýin, geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasatyny halkara jemgyýetçiligine giňden ýaýmak hem-de Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça ekologiýa howpsuzlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara gatnaşyklaryny berkitmek we giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


10.08.2015 | Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň serkerdelerine, ähli şahsy düzümine, harby talyplaryna we işçi-gullukçylaryna

Berkarar Watanymyzyň merdana serhetçileri! Sizi Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda ýurdumyzda uly dabara bilen bellenýän Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň döredilmeginiň 23 ýyllygy hem-de Serhetçiler güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


10.08.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Mary welaýatyna ugrady

Aşgabat-Mary, 10-njy awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Mary welaýatyna ugrady.


10.08.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 10-njy awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de käbir ministrlikleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, şol sanda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly ugurlara, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe möhüm meselelerine garaldy.


09.08.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti täze gurluşyklaryň taslamalary bilen tanyşdy

Ahal welaýaty, 9-njy awgust (TDH). Şu gün – ýekşenbe güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Arçman” şypahanasynda durmuş maksatly, şol sanda şypahana düzümine degişli täze gurluşyklaryň taslamalary bilen tanyşdy. Bu ýerde şeýle hem döwlet Baştutanymyz öz egindeşlerinden Türkmen gawunynyň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi.


09.08.2015 | Türkmen bakjasynyň soltanyny sarpalap

Aşgabat, 9-njy awgust, /TDH/. Şu gün, awgust aýynyň ikinji ýekşenbesinde Türkmenistanda umumymilli baýramçylyk bolan Türkmen gawunynyň güni giňden we dabaraly bellenilip geçildi. Şanly senä bagyşlanan dabaralar paýtagtymyzda we welaýatlaryň teatrlarynyň sahnalarynda hem-de konsert meýdançalarynda guraldy.


09.08.2015 | Birža täzelikleri 9-njy awgust

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.


08.08.2015 | Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ussat ekerançylaryna, edermen bakjaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine

Eziz watandaşlar! Ussat bakjaçylar! Sizi bereketli türkmen topragynyn sahawatynyň şanyna bellenilýän Turkmen gawunynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala agzybirligini, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek we Diýarymyzyň gülläp ösmegi ugrunda çekýän asylly zähmetiňizde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw edýärin!


07.08.2015 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň arasyndaky gepleşikler

Stambul, 7-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň ikinji – jemleýji güni Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.


06.08.2015 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkie Respublikasyna iş sapary

Stambul, 6-njy awgust (TDH). Şu günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Türkiýe Respublikasyna geldi.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter