Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

03.04.2015 | Aziada-2017-ä bagyşlanan Halkara maslahaty başlandy

Aşgabat, 2-nji aprel /TDH/. Şu gün paýtagtymyzda “Aziada-2017 we Türkmenistanyň ösüşiň hem-de parahatçylygyň bähbidine sportda tutýan orny” atly Halkara maslahaty açyldy.


03.04.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Ohot deňzinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren balykçylyk gämisiniň heläkçilige uçramagy zerarly gynanç hatyny iberdi.


03.04.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti “Suw damjasy – altyn dänesi” baýramçylygy mynasybetli gutlaglary kabul etdi

Aşgabat, 3-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminden – milli parlamentiň Başlygyndan, hökümet Baştutanynyň orunbasarlaryndan, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryndan, şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerinden “Suw damjasy – altyn dänesi” baýramçylygy mynasybetli gutlaglary kabul etdi.


03.04.2015 | Resmi habarlar 3-nji Aprel

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Batyr Şyblangulyýewiç Alymow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesine bellenildi.


03.04.2015 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 3-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy.


02.04.2015 | Türkmen kikboksçylarynyň altyn medallary

Kikboksyň türkmen mekdebiniň türgenleri köp ýyllaryň dowamynda halkara ýaryşlarynda ýokary netijeleri görkezip gelýärler. Ine, bu gezek hem olar Latwiýada we Germaniýada ýakynda geçirilen uly ýaryşlaryň birbada ikisinde tapawutlandylar.


02.04.2015 | Sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýurdy

Aşgabat, 2-nji aprel (TDH). “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň ikinji güni welýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda küşt boýunça ýaryş bilen dowam etdi.


02.04.2015 | Aziada—2017-ä bagyşlanan Halkara maslahaty

Aşgabat, 2-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Aziada—2017 we Türkmenistanyň ösüşiň hem-de parahatçylygyň bähbidine sportda tutýan orny” atly Halkara maslahaty açyldy.


02.04.2015 | Resmi habarlar 2-nji Aprel

“Awtomobil ýollary we ýol işi hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Awtomobil ýollarynyň ýeke-täk döwlet sanawynyň düzülmeginiň we ýöredilmeginiň Düzgünleri, şeýle hem Awtomobil ýollaryna kybaplaşdyryş san belgileriniň berilmeginiň Düzgünleri tassyklanyldy.


02.04.2015 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 2-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde durýan möhüm wezipelere hem-de döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter