Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

30.03.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 30-njy mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeleri ýerine ýetirmegiň barşynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.


29.03.2015 | Gözelligiň we çeýeligiň baýramçylygy

Ýurdumyzda geçirilýän köp sanly sport ýaryşlarynyň hatarynda çeper gimnastika boýunça geçen dynç güni bolan Türkmenistanyň çempionaty ýatda galyjy wakalaryň birine öwrüldi. Paýtagtymyzdaky “Demirýolçy” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan wekilleriniň iň gowulary ýygnandylar.


29.03.2015 | Söweşjeň sungat boýunça türgenleriň nobatdaky üstünligi

Sportuň söweşjeň sungat görnüşleri bilen meşgullanýan biziň türgenlerimiz halkara derejesindäki iri ýaryşlarda gazanýan ýeňişleri bilen bizi guwandyrýarlar. Bu gezek sportuň bu görnüşinde ussatlarymyz hytaý uşu boýunça Latwiýanyň açyk çempionatynda hem-de taý boksy boýunça dünýäniň Kubogy ugrundaky bäsleşiklerde tapawutlanmagy başardylar. Olar jemi 11 medaly — 8 altyn, 2 kümüş we 1 bürünç medaly eýelediler.


29.03.2015 | Ýurdumyzyň ýaşlarynyň «Arkadagyň ak ýolunda öňe barýar bagtly ýaşlar» atly maslahatyna gatnaşyjylara ÝÜZLENME

Berkarar döwletimiziň ruhubelent we bagtyýar ýaşlary! Beýik geljegimiz bolan ýigitler we gyzlar!


29.03.2015 | Ermenistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlandy

Ýerewan, 29-njy mart (TDH). Şu gün Ermenistanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Bu döredijilik çäresi ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň türkmen Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna hem-de 2015-nji ýylyň Türkmenistanda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan gala-konserti bilen jemlendi.


29.03.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

Aşgabat, 29-njy mart (TDH). Şu gün, dynç gününde wagt tapyp, at üstünde gezim etmegi, şol sanda sport bilen meşgullanmagy, täze kitabyň üstünde işlemegi özi üçin endige öwren milli Liderimiz agtygy bilen Ahalteke atçylyk toplumyna geldi.


28.03.2015 | Birža täzelikleri 28-nji Mart

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 10-sy hasaba alyndy.


28.03.2015 | Resmi habarlar 28-nji Mart

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün paýtagtymyzda geçirilen ýurdumyzyň ýaşlarynyň «Arkadagyň ak ýolunda öňe barýar bagtly ýaşlar» atly maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenme ýollady.


28.03.2015 | Ýaşlarymyzyň üstünlikleri we bagtyýarlygy ýurdumyzyň beýik geljegidir

Aşgabat, 28-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde “Arkadagyň ak ýolunda öňe barýar bagtly ýaşlar” atly maslahat boldy. Oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan 800-den gowrak wekil gatnaşdy.


27.03.2015 | Türkmenistanda gowaça ekişi başlandy

Şu gün, 27-nji martda ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi—gowaça ekişe başlandy. Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň 20-nji martda bolan mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ekişiň başlanmagyna ak pata berdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter