Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

08.02.2015 | Birža täzelikleri 8-nji Fewral

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.


06.02.2015 | Resmi habarlar 6-njy Fewral

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Suleýmanmyrat Altyýewiç Guladow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktorynyň orunbasary wezipesine bellenildi.


06.02.2015 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 6-njy fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine, şeýle hem birnäçe möhüm resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


05.02.2015 | Aşgabat çempionatyna sözsoňy

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Goşunyň merkezi sport klubynyň toparynyň ýeňişi bilen basketbol boýunça erkekler toparlarynyň ýokary ligasynyň Aşgabat çempionaty tamamlandy. Oýunlaryň jemleýji tapgyrynda ýeňijiler geçen ýyl birinji ýeri eýelän Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň “Nebitçi” toparyny iki gezek utdular.


05.02.2015 | Suwdan peýdalanmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr

Ozal habar berlişi ýaly, 2-nji fewralda geçirilen wideoşekili iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň ekin meýdanlaryndaky işleriň ýagdaýy baradaky hasabatlaryny diňläp, sebitlerde ýagan ygalyň möçberlerine we topragyň çyglylyk derejesine ünsi çekmek bilen, möwsümleýin oba hojalyk işleri geçirilende häzirki amatly tebigat-howa şertlerini göz öňünde tutmagyň wajypdygyny nygtady.


05.02.2015 | Türkmen-horwat işewürler maslahaty

Aşgabat, 5-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda geçirilen türkmen-horwat işewürler maslahatynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi hakynda pikir alşyldy. Işewür duşuşyga gatnaşmak üçin Horwatiýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, sebitleýin ösüş we Ýewropa Bileleşigi gaznasy ministri jenap Branko Grçiçiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Türkmenistana geldi. Maslahata gatnaşyjylaryň hatarynda dostlukly ýurduň döwlet düzümleriniň, şeýle hem gämi gurluşygynda, energetika, nebitgaz senagaty, ulag, gurluşyk we beýleki ugurlarda ýöriteleşdirilen esasy kompaniýalarynyň wekilleri bar.


05.02.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Horwatiýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

Aşgabat, 5-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Horwatiýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, sebitleýin ösüş we Ýewropa Bileleşigi gaznasy ministri Branko Grçiçi kabul etdi. Ol Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-horwat hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine hem-de bilelikdäki işewürler maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň hökümet wekiliýetine baştutanlyk edip Aşgabada geldi.


04.02.2015 | Hökümetara türkmen-horwat toparynyň mejlisi

Aşgabat, 4-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-horwat toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we Horwatiýa Respublikasynyň birnäçe döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.


04.02.2015 | TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

Aşgabat şäheriniň dolandyryş-çäk meseleleri hakynda


04.02.2015 | Resmi habarlar 4-nji Fewral

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň Arçabil we Çandybil etraplarynyň birikdirilmegi bilen baglylykda Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter