Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

31.07.2015 | Resmi habarlar 31-nji Iýul

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.


31.07.2015 | Hormatly Prezidentimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi

Awaza, 31-nji iýul /TDH/. Balkan welaýatynda gysga wagtlyk dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi.


30.07.2015 | Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi

Aşgabat, 30-njy iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň Geňeşleriň agzalarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň 7-nji “Güneş” we 8-nji “Dostluk” saýlaw okruglarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan nobatdaky mejlisi geçirildi.


30.07.2015 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Awazadaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy

Awaza, 30-njy iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden uçarda Türkmenbaşy şäherine ugrap, gysga wagtlyk dynç alyş döwründe "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna geldi. Milli Liderimiz bu ýerde Hazaryň türkmen kenarynda kemala gelýän deňiz şypahanasynyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.


30.07.2015 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 30-njy iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


29.07.2015 | Hünärmenleri taýýarlamagyň täze ugurlary

4. Gazylyp alynýan peýdaly magdan känlerini özleşdirmek Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy ösdürmegiň, şol sanda halk hojalyk toplumynyň ähli ugurlaryny senagatlaşdyrmak, Diýarymyzyň senagat kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça öňde goýan möhüm wezipeleri eziz Watanymyzyň gazananlaryny berkitmegiň bähbidine öňdebaryjy dünýä tejribesiniň esasynda türkmen hünärmenlerini taýýarlamagyň zerurlygyny talap edýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň 8-sini, şol sanda Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Gazylyp alynýan peýdaly magdan känlerini özleşdirmek” hünärini açmak hakyndaky çözgüdi hem şu maksada ýetilmegine hyzmat edýär.


29.07.2015 | Resmi habarlar 29-nji Iýul

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny giňden ornaşdyrmak we keselleriň öňüni almak, şeýle hem raýatlarymyza ýokary hilli bejeriş we sagaldyş-dikeldiş kömeginiň berilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


28.07.2015 | Hünärmenleri taýýarlamagyň täze ugurlary

3. Radioelektron ulgamlary we toplumlary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy iýulynda bolan giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň 8-sini, şol sanda Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda “Radioelektron ulgamlary we toplumlary” hünärini açmak barada çözgüt kabul edildi.


27.07.2015 | Resmi habar 27-nji Iýul

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama bilen wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň häkimi Rejepalyýew Atamyrat Gurbandurdyýewiçe berk käýinç yglan edildi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy oňa duýduryldy.


27.07.2015 | “Taipei-2015” atly Aziýanyň açyk ýaryşynda türkmen dzýudoçy gyzynyň altyn medaly

Türkmen türgeni Gülbadam Babamyradowa Taýwanda tamamlanan dzýu-do boýunça “Taipei-2015” atly Aziýanyň açyk ýaryşynda altyn medala mynasyp boldy. Lebaply 23 ýaşly halkara derejeli sport ussady 52 kilograma çenli agram derejesinde şeýle ajaýyp üstünlik gazandy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter