Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

22.02.2015 | Türkmen küştçüleriniň medallary we rekordlary

Türkmen küştçileri iri halkara ýaryşlarynda nobatdaky üstünlige eýe boldular. Golaýda Reşt şäherinde (Eýran Yslam Respulikasy) tamamlanan “Hazaryň kubogy” ýaryşynda ildeşlerimiz iki medala—kümüş we bürünç medallara, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda geçirilen “Moskow-open” ýaryşynda Maksat Atabaýew halkara grossmeýsteri diýen ada mynasyp boldy. M.Atabaýew şeýle ýokary sport derejesine eýe bolan Türkmenistanyň iň ýaş türgenidir.


22.02.2015 | Birža täzelikleri 22-nji Fewral

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.


20.02.2015 | Resmi habarlar 20-njy Fewral

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwürmek boýunça öňde goýan wezipelerimizi üstünlikli durmuşa geçirmek, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin welaýatlarda täze, döwrebap obalary we şäherçeleri gurmagyň depginlerini has-da güýçlendirmek, bölünip berilýän mellek ýerlerinde ähli şertleri bolan hususy ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


20.02.2015 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

Aşgabat, 20-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi, onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy.


19.02.2015 | “Ahal” – AFK-nyň Kubogynyň eýesi bilen bir toparda

AFK-nyň Kubogynyň häzirki eýesi “Al-Kadsiýa” (Kuweýt), şu ýaryşyň iki gezek finalçysy “Erbil” (Yrak) we Täjigistanyň üç gezek çempiony “Istiklol” toparlary Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň Kubogynyň toparlaýyn tapgyrynda Türkmenistanyň Kubogynyň iki gezek eýesi we wise-çempiony “Ahalyň” bäsdeşleri bolarlar.


19.02.2015 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi

Aşgabat, 19-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň ýolbaşçysyndan, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryndan Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi.


19.02.2015 | Maslahat köşgündäki baýramçylyk konserti

Aşgabat, 19-njy fewral (TDH). Şu gün Maslahat köşgünde geçirilen ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň döwlet konserti Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň hormatyna guralan baýramçylyk çäreleriniň esasylarynyň birine öwrüldi.


19.02.2015 | Resmi habar 19-nji Fewral

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň agzybirliginiň we döwletimiziň Garaşsyzlygynyň hem-de Bitaraplygynyň nyşany bolan Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şan-şöhratyny has-da belende götermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


19.02.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

Aşgabat, 19-njy fewral (TDH). Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde ählihalk baýramçylygy — Döwlet baýdagynyň güni bellenildi. Bu şanly sene mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.


19.02.2015 | Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň hormatyna resmi kabul edişlik

Aşgabat, 19-njy fewral (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli resmi agşamlyk nahary berildi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter