Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

27.02.2015 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 27-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.


27.02.2015 | Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň hormatyna

Ženewa, 27-nji fewral (TDH). Şu gün Ženewa şäherindäki (Şweýsariýa Konfederasiýasy) Milletler Köşgüniň Türkmen zalynda şu ýyl bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli duşuşyk geçirildi.


26.02.2015 | Türkmen-eýran işewürlik maslahaty

Aşgabat, 26-njy fewral (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna we ösdürilmegine bagyşlanan türkmen-eýran işewürlik maslahaty boldy.


26.02.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň ýol we şäher gurluşyk ministrini kabul etdi

Aşgabat, 26-njy fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşyk ministri Abbas Ahmad Ahundini kabul etdi.


26.02.2015 | Türkmenistan daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde

Türkiýe Respublikasynyň “Turcomoney” halkara maliýe-ykdysady žurnalynyň nobatdaky sany “Türkmenistan –Orta Aziýanyň nurana ýyldyzy” atly umumy sözbaşy bilen açylýar.


25.02.2015 | Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň önümleriniň sergisi açyldy

Aşgabat, 25-nji fewral /TDH/. Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyň X ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady.


25.02.2015 | Türkmen-awstriýa işewürler maslahaty

Aşgabat, 25-nji fewral (TDH). Şu gün paýtagtymyzda iki ýurduň döwlet we telekeçilik düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda türkmen-awstriýa işewürler maslahaty geçirildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi, täze gatnaşyklary ýola goýmak, mundan beýläkki özara gatnaşyklaryň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak duşuşygyň esasy meseleleri boldy.


25.02.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 25-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Erlan Abdyldaýewi kabul etdi.


25.02.2015 | Türkmenstanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna

Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahaty 2015-nji ýylyň 28-nji fewralynda sagat 9.00-da Türkmenistanyň Mejlisiniň jaýynda geçirilýär.


24.02.2015 | Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň mejlisi

Aşgabat, 24-nji fewral (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi boldy. Onda Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasynda işjeň hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze ugurlary kesgitlendi .



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter